Tendensiýalar şeýle çalt üýtgeýär, ýene 10-20 ýyldan aýakgaplaryň nähili boljakdygyny çaklamak has kyn. Emma dizaýn sungaty bilen meşgullanýanlar we alymlar bu babatda köp zähmet çekýärler. Dizaýner we gözlegçi Şamiz Aýden biologiki aýakgap düşünjesini döretdi. Adyndan görnüşi ýaly, aýakgaplar esasan tebigy materiallardan ybarat bolar. Eger ýere galyndy görnüşinde düşse, çalt we ygtybarly dargap biler. Her jübüt aýakgap geýýän adamyň aýagyna awtomatiki usulda sazlanar. Şeýle gudratyň öndürilişiniň 40-50 ýyldan has ir bolmagyna garaşylýar. Aýakgabyň üstünde eýýäm işlenilip başlandy, onuň içinde ýörite insol bolar.
Insol telefon bilen Bluetooth arkaly aragatnaşyk saklaýar. Diňe kartada bir nokady görkezmek zerur bolar we bu maglumatlar insolda saklanar. Telefonyň zarýady gutaran ýagdaýynda, akylly insolyň kömegi bilen gatnaw ýoluny hemişe ýatda saklamak mümkin bolar. Mundan başga-da, sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý edýän adamlar üçin bu aýakgaplar ädimleri we kaloriýalary hasaplar. Hawa, indi hatda aýakgaplar hem ahlak ýagdaýlaryňyzy sazlap biler. Bu ajaýyp krossowkalar, eýesiniň isleglerine baglylykda reňkini üýtgedip biler. Ýagny bu material adam derisiniň ýagdaýyna uýgunlaşyp bilýän ýörite süýümlerden durýar.
Şeýle aýakgaplar basym peýda bolup biler.
Merjen KAZAKOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby