Ýaponiýaly makak maýmyny Punch-yň (Panti) täsirli hekaýasy we Google-yň oňa bagyşlan ýörite “Punch the monkey” gözleg animasiýasy barada.
Google-dan dünýäni agladan wiral maýmyn “Punch” üçin ýürekleri eredýän sürpriz
Soňky günlerde internetiň iň köp gürrüňi edilýän gahrymany — Ýaponiýanyň Içikawa haýwanat bagynda ýaşaýan we özünden uly peluş oýnawajyna gujaklaşyp gezen 7 aýlyk makak maýmyny Punch (käbir çeşmelerde Panti) boldy. Bütin dünýäniň mährini gazanan bu kiçijik maýmyn üçin tehnologiýa ägirdi Google hem gözleg ulgamynda ýörite, gizlin bir sürpriz (Easter egg) taýýarlady.
Punch nähili meşhur boldy?
Punch-yň hekaýasy 2025-nji ýylyň iýul aýynda, doglandan gysga wagt soň enesi tarapyndan terk edilmegi bilen başlaýar. Haýwanat bagynyň işgärleri bu kiçijik maýmynyň kö köşeşmegi üçin oňa IKEA-dan alnan uly bir orangutan peluş oýnawajyny berdiler. Punch-yň bu jansyz oýnawaçdan haraý isläp oňa berk saralmagy, ýagyşly howada hem ony ýanyndan aýyrmazlygy we uly maýmynlar tarapyndan kemsidilende oýnawajyna sygynmagy millionlarça adamyň ýüregine täsir etdi.
Google Gözlegindäki gizlin animasiýa
Adamzat jemgyýetiniň bu duýgudaşlygyny gören Google, Punch-a bolan söýgini sanly ulgama geçirdi. Eger siz Google-yň gözleg setirine iňlis dilinde “Punch the monkey” diýip ýazyp gözletseňiz, ekranyňyzyň ýüzünden owadan gülgüne ýürekleriň we peluş oýnawajyna saralyp duran kiçijik maýmynjyklaryň animasiýa görnüşinde ýagyp geçýändigini görersiňiz.
Bu özboluşly animasiýa, Google-yň diňe bir uly filmleri ýa-da oýunlary däl, eýsem bütin dünýäniň mährini gazanan şeýle täsirli we janly hekaýalary hem goldaýandygyny görkezýär. Eger entek bu animasiýany görmedik bolsaňyz, Google-da synap görmegiňizi maslahat berýäris!


