Matanyň düzümi:
Alymlar süýümlerine ýerleşdirilen nanopartikullaryň kömegi bilen gün şöhlesiniň täsiri astynda gyzyp bilýän innowasion matany taýýarladylar. Metal ýyladyş elementlerini ulanýan we daşarky güýç çeşmesini talap edýän beýleki matalardan tapawudy, bu mata özbaşdak ýylylygy üpjün edýär we gyzmaýar.
Waterlo uniwersitetiniň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülen materialda gün şöhlesiniň täsiri bilen 10 minutda 30 gradusa çenli gyzdyryp bilýän geçiriji polimer nanopartikullar bar. Mundan başga-da, ulanyja wizual gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän temperatura baglylykda matanyň reňki üýtgeýär.
Oýlap tapyşyň awtorlaryndan Li Yun matany gyzdyrmak ýörelgesi barada maglumat berdi:
«Nanopartikullar gün şöhlesi bilen işjeňleşdirilýär, şöhlelerden ýylylygy ýylylyk elementlerine öwürýär we uzak wagtlap saklaýar.»
Matanyň aýratynlyklary:
Bu mata gaty çydamly, asyl uzynlygynyň bäş essesine çenli uzalyp bolýar we 24 gezek ýuwlandan soňam häsiýetlerini ýitirmeýär. Matanyň reňkini temperatura baglylykda üýtgetmek goşmaça howpsuzlygy üpjün edýär we aşa gyzmagyň öňüni alýar.
Hünärmenler matanyň çydamlylygyna aýratyn üns berdiler we «Nanopartikulýar mata daşky gurşawa täsirine garamazdan özboluşly aýratynlyklaryny saklaýar» -diýip belläp geçdiler
Gözlegçiler polidopamin polimeriniň arzan analoglaryny tapmak we ýyladyş aýratynlyklary bilen material öndürmek üçin çykdajylary azaltmak boýunça işlerini dowam etdirýärler. Sowuk möwsümde halas ediş işlerinde ýa-da gyşda goşmaça ýylylyga mätäç haýwan eşikleri üçin ulanylyp bilner diýip çaklanylýar.
Ballyýew Jemşit
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby