Halk arasynda gyz edebi barada-da juda köp gürrüňler edilýär. Munuň özi türkmeniň gyz maşgala bilen
bagly gadymy ýörelgeleriniň hiç wagtda hem ünsden düşürilmeýändiginiň alamatydyr. Gyz maşgalaly öý —
ojagyň synagly, sylagly öýdügini ene-mamalarymyz ýönelige ündemändir. Çünki il arasynda üç gyz
perzendi terbiýeläp ýetişdirip, abraý bilen il hataryna goşan enäniň ýalkawlydygy barada aýdylýar.
Gyzlaryň haýalylygy, sabyr-takatlylygy, edasy iliň genji-hazynasydyr diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Ozalam
bir danadan: «Gyz perzendiň bolsa bagtly bolýarmyň ýa-da ogul zürýadyň?» diýip sorapdyrlar. Dana:
«Uýaly ýigit umytlydyr», «Uýa ýigidiň umyt guşudyr», «Uýam bar — ummanym bar» diýipdirler.
Perzentleriň ikisi hem ene-ata söýeg-sütündir welin, ýöne herhal «Gyzly öý — gyzylly öý» diýlenidir. Gyz
perzendiňizi seriňize jyga, ogul zürýadyňyzy synaňyza gurbat saýyň!» diýip, jogap beripdir. Bu rowaýat
owaldan-ahyra gyz maşgala aýratyn hormat goýulýandygyny delillendirýär. Çünki gyzlar geljekde maşgala
sütünidirler. Şonuň üçinem gyz edebi göwher hasaplanypdyr.
Gyz tagam taýýarlamagy atasy öýünde öwrenip, gaýyn öýünde süýji nygmatlary taýýarlap, biş-düş işlerini
dessine öz gerdenine almalydyr. Tagam taýýarlamakda asgyn gelin zähmet terbiýesi babatda bärden
gaýdýandygyny alamatlandyrýar. Beýle ýagdaýlaryň gabat gelmezligi üçin eneler öz gyzlaryna ýaşlykdan
nahar bişirmegi-de, tikin-çatyn işlerini-de birkemsiz öwretmelidirler.
El işi, edep-ekram, sadalyk-saýhallylyk, uýat-edalylyk gyzlaryň başynyň täjidir. Beýle häsiýetleri özünde
jemlän ulugyz gelin bolup baran öýüniň ýaraşygyny, mertebesini has-da artdyrar. Onsoňam, gyz edebi onuň
asylly hereketindedir. Düşbi, akyly didesinden görnüp duran, pessaý gürleýän, bir diýleni iki gaýtalatmaýan
gyz maşgala hakyky bagta mynasypdyr.
Oguljahan MAŞADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
Aşgabatda Täze ýyl baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Baş arçasy dikilýär