Hytaýyň Beýik Diwary bir wagtda gurlan gurluşyk däl-de, birnäçe asyryň dowamynda dürli patyşalyklar tarapyndan berkidilip, birleşdirilen goranyş we serhet ýygyndylaryndan ybaratdyr. Emma soňky arheologik açyşlar onuň gurluşygynyň başlanyş senesini 300 ýyl yza süýşürdi.
2024-nji ýylyň maý we dekabr aýlarynyň aralygynda Hytaýyň Şandong welaýatynyň Jinan şäheriniň Çangking etrabyndaky Guangli obasynda geçirilýän gazuw-agtaryş işleri takmynan 1,100 inedördül metr meýdany öz içine aldy. Alymlar optiki stimullaşdyrylan lyminessensiýa (OSL) usullary arkaly tapylan gadymy artefaktlary, ösümlik galyndylaryny we haýwan süňklerini öwrenip, Beýik Diwaryň şol böleginiň nähili gurlandygyny we şol döwürde ýaşaýyş şertleriniň nähili bolandygyny anykladylar. Tapyndylaryň arasynda ýollar, ýaşaýyş jaýlarynyň düýbi, gazylan çukurlar, toprakdan gurlan diwarlary, eňňit kenarlar, kül çukurlary we dürli döwürlerde gurlan binalaryň diwarlary bardy.
Şandong welaýatynyň Medeni Gymmatlyklary we Arheologiýa Institutynyň taslama ýolbaşçysy Zhang Su, bu ýerleriň üç tapgyra bölünip bilinjekdigini aýtdy. Ilkinji iki tapgyr has irki döwürlere degişlidir, bu ýerde tapylan 10 metr giňlikdäki diwarlaryň takmynan Zhou Patyşalygynyň döwrüne (b.e.ö. 1046-256) degişlidigi çaklanylýar. Üçünji bölek bolsa, b.e.ö. 475-221 ýyllarynda uly uruş döwrüniň iň güýçli döwleti bolan Ki patyşalygynyň döwründe gurlupdyr. Bu bölek iň gowy saklanyp galan bölek bolup, gurluşyk ussatlygynyň ösmegi bilen diwarlaryň giňliginiň 30 metre çenli ýetip bilendigini görkezýär.

Hytaý Medeni Gymmatlyklary jemgyýetiniň agzasy Liu Zheng bu açyşy “Hytaýdaky iň gadymy Beýik Diwar” diýip atlandyrdy.
Mundan başga-da, arheologlar Beýik Diwaryň aşagynda hem gymmatly tapyndylary ýüze çykardylar – Zhou Patyşalygyna degişli iki ýaşaýyş jaýy. Kwadrat düýpli we tegelek burçly bu jaýlar şol döwürde giňden ýaýran ýarym ýerasty ýaşaýyş jaýlary bilen meňzeş bolup, bu sebitde diwaryň gurulmazdan öň hem kiçiräk bir ilatly ýeriň bolandygyny görkezýär. Şeýle hem, diwaryň 1.5 km demirgazygynda ýerleşýän Pingýin şäheriniň galyndylary bilen meňzeşlik tapyldy. Bu şäher taryhy çeşmelerde köp agzalýan ýerleriň biri bolup, Ki patyşalygynyň goranyş strategiýalarynyň bir bölegi bolup hyzmat edipdir.
Zhang Su: “Ki patyşalygynyň Beýik Diwarynyň ýerleşişi, gurluş strategiýasy Ki döwletiniň daşarky howplardan goranmak üçin nähili takyk meýilnamalaşdyrandygyny görkezýär” diýip belledi. Ol şeýle-de: “Diwaryň Pingýin şäheri bilen ýakyn baglanyşygynyň bardygy onuň diňe goranyş diwary däl-de, eýsem möhüm transport ýollaryny dolandyrmakda hem möhüm rol oýnandygyny görkezýär” diýip düşündirdi.
Baýrammyrat Täşliýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Gidromeliorasiýa fakultetiniň Gidromeliorasiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby




