Adamzat taryhynda gündelik durmuşda ýagtylygyň çeşmesi hökmünde ulanylan serişdeleriň biri hem şemdir. Şem diňe bir yşyk bermek bilen çäklenmän, eýsem medeniýetiň, dini däp-dessurlaryň hem-de sungatyň ösüşinde aýratyn orun eýeläpdir. Onuň taryhy müňlerçe ýyl mundan ozal başlanýar.
Arheologik maglumatlara görä, ilkinji şemler biziň eýýamymyzdan öňki müňýyllyklarda Müsürde we Rimde peýda bolupdyr. Müsüriň gadymy ýaşaýjylary ýagy ýuwlan soganyň ýa-da ýakmak üçin ýörite taýýarlanan nah çygşyklarynyň üstüne guýup, ýanmagy üpjün edipdirler. Rimiň halky bolsa eredilen haýwan ýagyny ýa-da süýdük ýaglaryny (Haýwanlaryň süňklerinden alynýan ýag) ýörite çüýşelere guýup, onuň içine süýümden edilen pilta goýup, ilkinji şem görnüşini döredipdirler.
Orta asyrlarda şemçiligiň ösdürilmegi bilen birlikde, onuň gurluşy has kämilleşdirilýär. Şol döwürde şemleriň esasy çig maly hökmünde arassalanan arynyň bal mumy giňden ulanylypdyr. Bal mumundan ýasalan şemler arassa ýanýandygy, tüssesiz we ýakymly ys berýändigi sebäpli köşklerde, metjitlerde, ybadathanalarda giňden peýdalanylypdyr. Emma şeýle şemler bahasy gymmat bolandygy üçin diňe baýlaryň we ruhanylaryň hyzmatynda bolupdyr.
XIV–XV asyrlardan başlap, Ýewropada şem ýasamak bilen meşgullanýan ýörite ussahanalar peýda boldy. XVIII asyrda şem öndürmek üçin tebigy ýaglaryň ýerine köpçülikleýin kit ýaglary (Kit balygyndan alynýan ýag) ulanylýar. XIX asyrda bolsa ylmyň ösüşi netijesinde parafin we stearin maddalary açylyp, şemçilikde giňden ulanylmaga başlanyldy. Bu maddalar arzan bahaly we ýokary hilli şemleriň döremegine mümkinçilik döretdi.
XX asyrda elektrik togy giňden ornaşandan soň şem ilkinji ornuny yşyk çeşmesi hökmünde ýitirse-de, onuň medeni we estetiki ähmiýeti dowam edýär. Häzirki döwürde şemler dürli reňkli, ysly görnüşlerde öndürilip, öý bezeginde, medisina we psihologiýada (aromaterapiýada), şeýle hem baýramçylyk çärelerinde giňden ulanylýar.
Ilkiji şemleriň döreýiş taryhy adamzat ösüşiniň möhüm sahypasydyr. Ol diňe bir gündelik durmuşda peýdalanylman, eýsem jemgyýetiň medeniýetinde, sungatynda hem aýratyn ähmiýet bolupdyr. Şemçilikde bolup geçen ösüşler häzirki döwürde hem adamlaryň durmuşynda öz ornuny saklaýar.
Şalyýewa Keýik,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Dokma önümçiligi fakultetiniň 5-nji ýyl talyby



