Häzirki döwürde adamlaryň ekologiýa taýdan arassa, hil taýdan ýokary öndürilýän önümlere islegi artdy. Ýyladyşhanalar azyk howpsuzlygyny goramakda möhüm orny eýeleýär. Ösümlikleriň gyzgyn howada has gowy, has çalt ösýändigi we bol hasyl berýändigini daýhanlar öwrenipdirler. Ilkinji ýyladyşhanalar XIV-XVI asyrlara degişli bolup, 1450-nji ýylda Koreýada ussat hünärmenler tarpyndan gurnalýar. Şol döwürlerde ýyladyşhanada ekilýän ekzotik miweler diňe patyşalar, begler üçin niýetlenilip ekilipdir. Bu ugurdaky ösüş dowam edip Russiýa baryp ýetýär.
XVII asyrda Moskwada aýnadan gurlan peçli ýyladyşhanalar gurlupdyr. Russiýa patyşasy Pýotr I-niň buýrugy bilen daşary ýurtlardan dürli tohumlary we nahallary getirilýär. XVIII asyrda italiýalylar syýahatçylaryň getiren tropiki ösümliklerini ösdürip ýetişdirmek isläpdirler. Bu bolsa kaşaň botanika baglarynyň döremegine sebäp bolýar. Emma Rim imperiýasynyň ýykylmagy bilen bu tehnologiýalar ýitýär. Ýyladyşhanalar ilkibaşda aýnalardan gurlypdyr. XX asyryň ahyrynda senagatyň ösmegi bilen polietilen plýonklar ýüze çykyp ugraýar. Polietilen plýonkalaryň ulanylmagy ekologiki taýdan arassa we amatly hasaplanylýar.
Döwlet HALLYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby