Birnäçe ýyl mundan öň itleriň dünýäni ak we gara reňkde görýändigine ynanylýardy. Ýöne, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň hünärmenleri we beýleki gözlegçiler Jeý Neitsiň tagallalary netijesinde dört aýakly dostlarymyz üçin begenmäge esas bar diýip buýsanç bilen aýtdylar. Olar üçin dünýä içgysgynç ak we gara reňkde däldigini we ähli reňkleri bolmasa-da, reňkleri tapawutlandyrýandyklaryny anykladylar.
Adamlar konus diýilýän üç sany reňk kesgitleýji öýjüklere eýe bolan trihromatlardyr. Bu konuslar, günüň batmagynyň üýtgeşik reňklerinden başlap, ýabany gülüň inçejik kölegelerine çenli dürli reňkleri görmäge mümkinçilik berýär. Itler bolsa diňe iki görnüşli reňk kesgitleýji konusly dihromatlardyr. Konus görnüşleriniň bu tapawudy olaryň reňkleri tapawutlandyrmagyna ep-esli täsir edýär. Itler diňe sary we gök reňkleri kesgitläp bilýärler, ýöne sary-ýaşyl we gyzyl-mämişi reňkleriň arasyndaky tapawudy görüp bilmeýärler.
Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň hünärmenleri itleriň görüş mümkinçiligine has gowy düşünmäge kömek eden gözleg geçirdi. Olaryň maksady itleriň ýagtylyk derejesini kesgitläp biljekdigini anyklamakdy. Synaga dürli tohumly we dürli ýaşdaky sekiz it gatnaşdy. Dört guty olaryň öňünde goýuldy, olaryň birinde iýmit bardy. Her gutynyň üstünde reňkli kagyz ýerleşdirildi. Kagyzlaryň reňki açyk sary, goýy sary, açyk gök we goýy gök. Iýmitli gutynyň üstünde goýy sary reňkli kagyz goýuldy. Synagyň birinji tapgyrynda itlere gutulary barlamaga we reňkli kagyzlary deňeşdirmäge rugsat berildi. Üç synanyşykda-da itler goýy sary reňkli kagyz bilen iýmitli gutyny görkezýändigini gördiler. Soňra alymlar gutularyň sanyny iki esse azaltdylar. Itler açyk sary we gök reňkden birini saýlamaly boldular. Itler ýagtylykda gök reňkiň sary reňke meňzeýändigi üçin gök reňki saýlap bilerdiler. Emma synagda itleriniň her biri açyk sary reňki saýlady. Gözlegçiler itler düýäni reňki doly saýgaryp bilmeýän ýarym kör adamlar ýaly görýändigini bellediler.
Itleriň reňkleri görmegi adamlar bilen deňeşdirilende çäkli bolsa-da, olar beýleki görüş güýçlerine eýedirler. Olaryň gözlerinde has ýokary gijeki görüş mümkinçiligini berýän ýagtylyga duýgur öýjükler bar. Mundan başga-da, tapetum lucidum diýlip atlandyrylýan retinanyň aňyrsynda şöhlelendiriji gatlak bar. Ol garaňkyda görmek ukybyny hasam güýçlendirýär. Şonuň üçin itleriň gözleri köplenç garaňkyda üytgeşik reňkli şöhle saçýar. Mundan başga-da, itleriň gözleri kelleleriniň iki gapdalynda ýerleşmegi itlere periferiýa görüşiň has giň meýdanyny üpjün edýär we tiz hereketleri hem kesgitlemek ukybyny güýçlendirýär.
Birnäçe barlaglar itleriň dünýäni diňe ak we gara reňkde görmeýädiklerini subut etdi. Olaryň dünýäsi reňkli, ýöne reňk duýgusy esasan gök we sary reňkler bilen çäklenýär.
Pena Öwezberdiýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Kinologiýa taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby



