Kagyz bir tarapa aňsat ýyrtylýar, sebäbi onuň gurluşy we materialy şonuň ýaly bolmaga mümkinçilik berýär. Kagyz esasan, kiçi selýiloz tolkunlaryndan emele gelýär we bu tolkunlar belli bir tärtibe laýyklykda ýerleşýärler. Bu tolkunlaryň ýerleşişi kagyzy bir tarapdan has güýçli, beýleki tarapdan bolsa has ýumşak edýär. Şonuň üçin kagyzy bir tarapdan ýyrtmak has aňsat bolýar.
Kagyz öndürilende, selýiloz tolkunlary ýygnaýarlar we olary ýylylyk we basyş arkaly birikdirýärler. Käbir ýerlerde tolkunlar has ýokary ýa-da aşak dogry ýerleşýär, bu bolsa kagyzy ýyrtmakda ýeňillik döredýär. Meselem, bir tarapda tolkunlar berk we çydamly bolup, beýleki tarapda bolsa aralyklar we boşluklar bolup biler. Şeýlelik bilen, kagyzy bir tarapdan ýyrtmak has ýeňil bolýar.
Kagyz materialynyň öz gurluşy we atomlarynyň ýerleşişi, kagyzyň bir tarapdan ýyrtylmegini ýönekeýleşdirýär. Bu ýagdaý, kagyzyň gurluşynyň çydamlylygy we güýçlenişi bilen baglanyşyklydyr.
Babaýewa Altyn,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby