Kitap okamak bilen depressiýany, ukusyzlygy we howsalaly ýagdaýlary derman kabul etmezden ýeňip geçmek mümkindir. Şotland alymlary kitap okamaklygy agyr görnüşli depressiýanyň medisina garaşsyz häsiýetli bejergisi hökmünde atlandyrdylar. Olar kitap okamagyň peýdasyny subut etmek üçin synag geçirdiler. Bu synaga iki topara bölünen depressiýadan ejir çekýän 2500 adam gatnaşdy. Meýletinçileriň birinji topary antidepressantlary kabul eden bolsalar, beýleki toparyň gatnaşyjylary biblioterapiýa kabul etdiler, ýagny kitap okadylar. Dört aý dowam eden synagyň netijesi, kitap okan toparyň adamlarynyň 40 %-i, beýleki toparyň adamlarynyň bolsa 25%-i depressiýadan gutulandyklaryny görkezdi. Bir ýyldan soň has täsirli netijeleri görkezýän başga bir barlag geçirildi. Kitap okaýan adamlar, derman kabul edenlere garanyňda ýagdaýlaryna has täsirli gözegçilik edip bildiler. Şeýlelikde, kitap okamagyň dürli derejeli depressiýadan ejir çekýän hassalar üçin peýdalydygy subut edildi. Lukmanlaryň köpüsi kitap okamagyň diňe bir depressiýa üçin däl-de, eýsem adama duýgularyny has gowy dolandyrmaga mümkinçilik berýän ukusyzlyk we dartgynly ýagdaýlar üçin hem täsirli bejergidigine ynanýarlar.
Alihan RAJABOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby