Hakykatdan hem adatça ähli iýmitlere pomidor goşulýar. Munuň sebäbi näme? Elbetde pomidor naharlaryň tagamyna tagam goşýar. Ýöne onuň adam organizmi üçin peýdasy uludyr. Onuň ornuny hiç bir önüm tutup bilmez. Şol sebäpden ýylyň islendik möwsüminde, naharlara goşundy hökmüde goşup ýa-da terligine iýilýär. Adam pomidoryň peýdasyny onçakly açyk görnüşde duýman biler. Ýöne gündelik iýýän iýmit önümleriniň arasyndan pomidory aýyrsa onda onuň zyýaýokary derejede duýular. Pomidor minerallara, witaminlere,antioksidantlara baýdyr. Witamin düzümi boýunça C, A, K witaminlere baýdygy bilen tapawutlanýar.
Fol turşusy, minerallar we C witamini deri saglyny gowulaşdyryp, A witamini bolsa immun ulgamy güýçlendirip biler. Bir pomidorda gündelik kabul etmeli C witaminiň 40%-i bar. K witamin süňk saglygyny üçin möhüm. Ýüregiň işlemegi we kadaly gan basyşy sazlamkda kaliý elementi easy orny eýeleýär. Bu mineral hem pomidorda köp mukdarda saklanýar. Görüşi goldaýan hem-de katarakt we makula degenerasiýa ýaly göz keselleriniň öňüni almaga kömek edýän lýutein we beta-karotin pomidoryň düzüminde erkin halda bar. Pomidoryň 100 gramy bary-ýogy 18 kkal saklaýar. Iýmit siňdiriş ulgamy üçin ýeňil önüm.
Ýagny islendik iýmite arkaýyn goşup bolýar. Adam bedeni üçin madda çalşygy iň wajyp hadysa. Madda çalşygynyň bozulmagy birnäçe kesellere eltip biler. Pomidor düzümi madda çalşygyny sazlamaga ýardam edýär. Antioksidant bolan likopen piment hökmünde pomidoryň gyzyl reňkine jogap berýär. Likopen pomidoryň gabygynda köp mukdarda saklanýar. Şol sebäbden daşy bilen iýmek maslahat berilýar. Likopen böwrekde emele gelýän daşlary düşürmekde peýdaly önüm. Halk lukmançylygynda pomidor ýürek-damar keselleri bejermekde giňden ulanylýar.
Irki döwürlerde pomidory zäherli miwe diýip hasap edipdirler we diňe bezeg maksatlar üçin ösdüripdirler. Häzirki günde bolsa pomidorsyz durmuşy göz öňüne getirip bolmaz. Diňe bir ýaz paslynda däl, eýsem pomidory birnäçe gaplanan görnüşleri netijesinde ýylyň islendik wagty ulanyp bileris.
Ogulgerek ZAKIRJANOWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby