Aşhanadaky arassalyk her bir öý hojalykçy aýal üçin gaty möhümdir. Gubkalar, iň köp ulanylýan gap-gaç ýuwýan ýuwujy serişdeleriň biridir. Ýöne soňky döwürde hünärmenler gubkalary ulanmagyň zyýanly taraplaryna ünsi çekdiler we olaryň saglygymyza edýän täsiri barada duýduryş berdiler.
Gubkanyň zyýanly taraplary
Norwegiýanyň Azyk gözleg institutynyň gözlegçisi Trond Myoretro, gap-gaç ýuwmak üçin gubka ulanmak saglyk üçin howply diýýär. Onuň sözlerine görä, ýuwulanda gubkadaky zyýanly bakteriýalar gap-gaçlaryň ýüzüne ýaýrady. Gap-gaçlaryňyz arassa görünse-de, köp bakteriýany saklap biler. Gubkalar seýrek gurak saklanýandygy sebäpli, olar her gün ulanylýar we çygly gurşawda dürli kömelekler we bakteriýalar ösýär. Şonuň üçin salmonellozyň döremegine sebäp bolýan howply birleşmeler hem köpelmek üçin amatly ýere öwrülýär diýip belläýär
Trond: “Bir gubka ýer ýüzündäki ähli ilatdan has köp bakteriýany öz içine alyp biler, sebäbi onda galan iýmit bölejikleri bakteriýalar üçin iýmit çeşmesidir” -diýýär
Gubkany yzygiderli arassalamak töwekgelçiligi ep-esli azaltmaýar, doly arassaçylygy saklamagyň ýeke-täk usuly gubkany her gün üýtgetmekdir. Emma bu usul ne tygşytly, ne-de ekologiýa taýdan arassa.

Gap-gaçlary arassalamak üçin näme ulanmaly?
Alymlar gap-gaç ýuwmak üçin ýörite çotga ulanmagy maslahat berýärler. Iýmit galyndylaryny gowy arassalaýandygy sebäpli, çotganyň gabyklary gaty çalt guraýar we zyýanly bakteriýalar hem ölýär. Şeýle hem, çotgalaryň köpüsinde elindäki zyýanly bakteriýalar bilen göni aragatnaşykda bolmagyň öňüni alýan tutawaç bar.
Şeýle hem, çotga arassaçylyk nukdaýnazaryndan gap-gaç ýuwmak üçin iň oňat saýlawdyr.
Allambergenowa Azada
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby


