Käwagt, görýän düýşlerimiz hakyky durmuş bilen baglanyşykly ýaly duýulýar. Olar aýdyň, aýratynlyklara baý we doly bir hekaýa ýaly bolup görünýär. Emma käbir günler düýbünden hiç zat ýada düşmeýär.
Aslynda, siz düýşleriňizi ýada salýan bolsaňyz-da, salmaýan bolsaňyz-da, düýş görýän bolsaňyz gerek. Birnäçe ylmy barlaglar adamlaryň tas hemmesiniň yzygiderli düýş görýändigini görkezýär—hatda “men düýş görmeýärin” diýýänler hem muňa girýär. Furman uniwersitetiniň psihologiýa we nerw ylymlary boýunça dosent professory Erin Wamsleýiň aýtmagyna görä, adam beýnisiniň belli böleklerine zeper ýeten ýa-da käbir keselleri bolan adamlaryň düýş görmegi düýbünden bes edip biler.
Aslynda, düýş görmek adaty ýagdaý. Düýş görmegiň dürli sebäpleri bar, emma ylmy taýdan düşündirişler düýşleriň näme üçin ýadyňyzdan çykyp gidýändigine käbir maglumatlary berýär.
Näme üçin düýşleri ýatda saklamak kyn?
Düýşler köplenç gysga wagt ýatda saklanýar. Barlaglar, eger düýş gören wagtyňyzdan soň tiz arada oýanmadyk bolsaňyz, ony ýatda saklamagyň kyn bolýandygyny görkezýär. Wamsleýiň aýtmagyna görä, adamlaryň düýşleri has gowy ýada salmagynyň esasy sebäbi, olar hakda pikirlenmekdir. Eger siz oýananyňyzda düýşleriňize üns bermeýän bolsaňyz, olar tiz ýadyňyzdan çykyp gidýär.
Munuň bir sebäbi, uklap ýatan wagtyňyzda nerw ulgamynyň işjeňliginiň üýtgemegi bilen baglanyşykly bolup biler. Käbir ylmy barlaglar gijäniň dowamynda birnäçe sekuntlap oýanmagyň düýşleri ýatda saklamaga kömek edýändigini görkezýär. Wamsleý “Az we gysga wagtlyk oýanmaklyk bu, adaty bir ýagdaý bolup biler. Ýöne has ýygy-ýygydan oýanmak düýpli uky bozulmalaryna sebäp bolar ” diýip belleýär.
Düýşleri ýatda saklamagyň beýleki bir möhüm faktory—siz haçan we nähili oýanýarsyňyz? Nähli şertde oýanýandygyňyzy bilmeklik bu düýşleri ýatda saklamaklygy öwremegiň bir ýolydyr. Oýanmaga biräçe sebäpler täsir edip bilýär. Mysal üçin: irden gün dogan wagty ýa sagadyň jaňjagazynyň sesi eşidilen wagty, ýa-da goh-galmagallaryň bolan wagty we.ş.m.
Uky dört tapgyrdan ybarat bolup olar:
- REM (Çalt uky tapgyry)
- NREM 1 (Ýeňil uky tapgyry)
- NREM 2 (Çuň we ýeňil uky tapgyry)
- NREM 3 (Has agyr uky tapgyry)
Gijäniň başynda adam köplenç NREM 3 tapgyrynda bolýar, bu tapgyr beden dynç almak üçin zerurdyr. Emma düýş ýatlamak üçin has möhüm tapgyr REM uky tapgyrydyr, çünki beýniniň işjeňligi şu tapgyrda käwagt oýanýan adamyň beýnisi bilen meňzeş bolýar.
Wamsleýiň aýtmagyna görä, adamlar köplenç iň uzyn we has düşnükli düýşleri REM tapgyrynda görýärler. Eger siz REM tapgyrynda oýanýan bolsaňyz, düýşleriňizi ýada salmak ähtimallygy 80% deňdir. Beýleki tapgyrlarda bolsa bu ähtimallyk 50% töweregi bolýar.
Sagadyň jaň sesiniň täsirinde oýanmak düýşleri ýatda saklamagy kynlaşdyrýar
Eger siz her gün sagadyň jaň sesine oýanýan bolsaňyz, düýşleriňizi ýatda saklamak mümkinçiligiňizi peseldýärsiňiz. Sebäbi sagadyň jaň sesi köplenç sizi düýbünden başga uky tapgyrynda (meselem, çuňňur NREM tapgyrynda) oýarýar. Şeýle hem, sagadyň jaň sesine oýanmak adamyň kortizol derejesini (stres gormony) artdyryp, düýş hakda pikirlenmäge
Düýşleriňizi ýatda saklamaga täsir edýän beýleki faktorlar
Düýşleriň mazmuny hem olaryň ýatda saklanmagyna täsir edýär. Adaty durmuşda emosional hadysalar nähili güýçli ýatda galýan bolsa, şol bir zat düýşler üçin hem dogrydyr. Wamsleýiň bellemegine görä, duýgularyň güýçli bolmagy, düýşleriň has ýatda saklanmagyna kömek edýär.
Şeýle hem, adam häsiýeti hem düýş ýatlamaga täsir edip biler. Barlaglar, açyk pikirli adamlar üçin düýş ýada saklamagyň has aňsatdygyny görkezýär.
Beýniniň gurluşy we işleýşi hem bu meselede möhüm rol oýnaýar. Käbir adamlar tebigy taýdan düýşlerini has gowy ýatda saklap bilýärler.
Düýşler we ýat tutmak bilen baglanyşyk
Düýş görmek diňe bir howaýy zat bolman, eýsem ol beýnimiziň maglumatlary gaýtadan işlemek we saklamak bilen baglanyşykly bir ýagdaý bolup biler. Meselem, 2010-njy ýylda geçirilen bir barlagda, adamlaryň bir zada öwrenişenden soň düýş görmegi, şol zatlary ýatda saklamak ukybyny ýokarlandyrýandygyny görkezdi. 2024-nji ýylda geçirilen başga bir barlag hem düýş ýada salmagyň adamyň emosional ýagdaýyna we ýatlamalaryna täsir edip biljekdigini görkezdi.
Düýşleriň manysynyň bolmagyna ynanmalymy?
Düýşleriň manyly bir kod bilen düzülenligini aýdýan köne freýdian teoriýalar heniz ylmy taýdan subut edilmedi. Wamsleý bu hakda: “Düýşleriň içinde gizlin bir manynyň bardygyny aýdýan teoriýalar esassyzdyr. Düýşi gören adam ony nähili kabul etmelidigini özi bilýär, başga biriniň oňa manysyny düşündirmegi hökman däl” diýip belleýär.
Netije hökmünde, düýşler beýnimiziň işjeňliginiň bir bölegi bolup, olar ýada saklamaga, emosional ýagdaýymyzy kadalaşdyrmaga we gündelik durmuşy has gowy düşünmäge kömek edip biler. Ýöne olary aşa çuň manylandyrmaga zerurlyk ýok—düýşleriňiz, esasan, öz tejribeleriňiziň gaýtadan işlenýän görnüşidir.
Bäşimow Baýmuhammet,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Zootehniýa taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby


