Häzirki wagtda plastiki hapalanmak meselesi bilen adamzat öňküsinden has hem köp ýüzbe-ýüz bolýar. “Plastiki galyndylar” diýlende esasan hem, plastikden ýasalan suw we beýleki gaplar göz öňüne tutulýar. Eýýäm suwotulardan biodegrirlenip bilýän suw gaplary we süýtden dargamaga ukyply bolan gaplary oýlanyp tapyldy. Emma “Skipping Rocks” tejribehanasyndaky höwesjeňler bir ädim öňe gitmek bilen, iýilýän suw gaplamasyny döretdiler. Has dogrusy, ony iýmek arkaly ondaky suwy içmek bolýar. “Ohoo” diýlip atlandyrylýan täze önüm, agyz suwuny öz içine alýan ýumşak gabykdyr. Bu gabyk goňur suwotularyň ekstraktyndan ýasalmak bilen, ol 100% tebigydyr. “Ohoo” şarjagazynyň gabygy dişlenýär we suw içilýär. Ulanyşdan soňra gabyk islendik ýere zyňylyp bilner. Çünki ol 4 hepdäniň içinde doly dargamaga ukyplydyr. “Ohoo” iýilýän suw şarjagazlarynyň meşhur bolmagy üçin ähli mümkinçilikler bar. Häzirki günlerde oňa birnäçe iri maýadar taslamalar maýa goýmaga taýyndygyny aýdýarlar.
Atanyýaz AGAGELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy