Her bir adamyň duýgulardan we pikirlerden ybarat aýratyn içki ýagdaýy bar. Şonuň üçin meselä oňyn täsir edip biljek ökde psihologyň kömegi talap edilýär. Şeýle ýagdaýlarda psihologyň her gün üçin berýän maslahaty aýratyn peýdalydyr.Käbir psihologiki maslahatlar negatiw faktorlaryň adamyň aňyna edýän täsirinden gaça durmaga we dumuşdan lezzet almaga kömek edýär.
Gowy uky saglygyň açarydyr. Diňe ukyny gowy alan ýagdaýynda meselelere dogry baha bermäge we manyly karar kabul etmäge ukyplydyr.
Ýaramaz duýgulary özüňizde saklamaň. Durmuşda gabat gelýän kynçylyklary ýeňip geçip ýaşamaga dowam etmeli.
Islemeýän işiňiz bilen meşgullanmaň. Siziň wagtyňyz özüňiziň gyzyklanýan we size ýaramaz pikirleri unutmaga ýardam edýän hem-de durmuşyňyza dürlilik goşýan işlere sarp edilmeli. Iň esasy bolsa öziňizi söýüň!
Bagyşlamagy başaryň. Hiç kime öýke-kine saklamaň. Siziň göwnüňize degseler hem uzak wagt geçmänkä bagyşlamagy başaryň.
Islendik adamyň durmuşynda gaharly ýagdaýy bolup biler ýöne şol wagtlary siz:
Şol ýagdaýyňyzy kagyzda beýan edip, halaýan tagamlary taýýarlap, gyzyklanýan işiňiz bilen meşgullanyp, uludan dem almak arkaly, özüňizi diňlemek arkaly ýa-da men bu hakynda soň pikirlenerin diýip ünsüňizi bölüp, gaharly ýagdaýyňyzy unudyp bilersiňiz.
Merjen Ballyýewa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby