Ýylanlar dünýäde 3000 müňe golaý görnüşi bar. Dinazawrlar eýýamynda ýüze çykyp, olar dürli ýaşaýyş şertlere uýgunlaşan we örän täsin daşky keşpe eýedirler.
Murtjagazly ýylan
Günorta-günbatar Aziýada ýaşaýar. Bu täsin görnüş , öz urugynyň soňky wekili.Bu ýylanyň üýtgeşik tarapy ýüzünde täsin ösüntgileri bar. Hakykatda suwda hereketlenende we iýmit awlanda tanamagy üçin örän duýgur sensorlary bar. Bu ýylanyň ýene bir aýratynlygy onuň örän güýçli tizligidir, oňa pidasyny awlamak üçin 15 ms ýeterlikdir. Murtjagazly ýylanyň zäherlidine garamazdan adam üçin hiç hili zyýany ýokdur.
Uzyn burunly suwýylan
Günorta-günbatar Aziýanyň ýene bir ýaşaýjysy. Beýleki ýylanlar tapawutlylykda iýmitini takyklyk bilen tutmagy başarýan örän gowy göreje eýedir.Bu suwýylanyň bedeni oňa ýapraklaryň arasynda ýyrtyjylardan we awlajak iýmitinden gizlenmäge mümkinçilik berýär.(bu suwýylanyň dili hem ýaşyldyr.)
Madakaskar tommakburunly suwýylany
Bu dünýädäki täsin süýrenijileriň biridir.Bu suwýylan agaçlarda ýaşaýar we hažžyklar bilen iýmitlenýär.Munuň täsin tarapy ýüzündäki gaňyrçagydyr.Bularyň erkek we urkaçysynda hem bu gaňyrçak bardyr. Emma bular bir-birinden tapawutlanýar. Erkekleri sary reňkli,derisi ýylmanak,urkaçylary mele we tekiz ösüntgili.
Tikenli gyrymsy agaç alahöwreni
Bu alahöwren Merkezi Afrikanyň tropiki tokaýlarynda mesgen tutýar. Tikenli gyrymsy agaç alahöwreni 75 sm –e çenli uzynlykda bolýar.Ähli alahöwrenlerde bolşy ýaly, ýokarky äňinde uzyn çekilip duran gyýak dişleri bar.
Şahly alahöwren
Bu alahöwren Demirgazyk Afrikada we Ýakyn Gündogarda ýaşaýar. Ol 50 sm uzynlykda bolup biler.Adatça bu alahöwrenlerde gözüniň ýokarsynda şahlary bolýar. Bu şahlaryň näme üçin gerekdigini we käbir görnüşlerinde şahyň bardygy başga görnüşinde bolsa ýoklugyny hiç kim bilmeýär.
Ýer alahöwreni
Bu Afrikaly kiçi ýylan özüniň ähli wagtyny ýeriň aşagynda geçirýär. Ol gemrijiler bilen iýmitlenýär.Ol uzyn zäherli gyýak dişlere eýedir, gerekli wagtynda ol dişler agzyndan daşa hem çykýar. Bu bolsa alahöwren agzyny açmazdan hem dişläp bilýändigini aňladýar we awuny tutanda onuň agzyna toprak girmeýär.
Bezelen agaç ýylany (uçýan ýylan)
Bu ýylanlar Hindistanyň tropiki tokaýlarynda we günorta-gündogar Aziýada mesgen tutýar. Emma atlandyrylyşyna seretmezden olar uçup bilmeýär.Eger bu ýylan bir agaçdan beýleki agaja geçmek islese,bedenini ýaýbaňladýar we gowşadyp göni howa uçýar. Bu ýylan hažžyklar we maýda haýwanlar bilen iýmitlenýär we özüniň köp wagtyny agaçda geçirýär.
Deňiz ýylany
Bu ýylan agzalan ähli ýylanlardan üýtgeşik bolmagy mümkin. Bular kepjebaşlaryň girýän maşgalasyna degişli, emma olar deňiz ýaşaýşyna uýgunlaşan. Bu ýylanlar Ýuwaş we Hindi ummanynda ýaşaýarlar, örän zäherli, olaryň zäheri kepjebaşlaryňkydan hem 10 esse howplydyr. Emma ýylanlaryň köpsi gury ýerde çäresizdir.Käbir görnüşleri suwa gowy uýgunlaşyp derisi arkaly suwdan kislorody alyp bilýär.
Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby