Tehas uniwersitetiniň alymlary hasyllylygy ýokarlandyryp, suwuň sarp edilişini azaldýan innowasion «akylly» toprak oýlap tapdylar. Bu barada «Rysgal» gazetiniň №31 (725) belgili sanynyň 6-njy sahypasynda habar berildi.
Oba hojalygy pudagy üçin ähmiýetli oýlap tapyş hökmünde bellige alnan tehnologiýa gije howadan suw buglaryny ýygnaýar hem-de ony gündizine ösümlikleriň köklerine berýän gidrogele esaslanýar.
Tejribehanalarda geçirilen synaglar «akylly» toprakda ýetişdirilen ösümlikleriň baldagynyň ösüşinde 138%-lik netije bellige alyndy. Bu ösümligi suwarmak üçin 40% az suw gerek boldy.
— Gidrogelleriň bu görnüşi häzirki durnukly oba hojalygynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin ajaýyp çözgütdir — diýip, taslamanyň awtory Guýhua Ýu belleýär.