Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we parahatçylyk ýörelgeleriniň häzirki zaman syýasatynda beýan edilýän ajaýyp nusgasydyr.
Bitaraplyk – diňe bir halkara derejeli hukuk derejesi bolman, eýsem türkmen halkynyň dünýä bilen gatnaşyklarynda ynanyşmak, hormat goýmak, dost-doganlyk kadalaryna laýyklykda ýaşamak ýaly beýik ruhy gymmatlyklarynyň giňden şöhlelenmesidir.
Türkmenistanyň Baky Bitaraplygy dünýäde parahatçylygy berkitmäge, halklaryň arasynda ynanyşmagy we düşünişmegi ösdürmäge gönükdirilen syýasy ýörelgedir. BMG-niň ýurdymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesini iki gezek biragyzdan goldamagy, dünýä jemgyýetçiliginiň ýurdumyza bolan ýokary ynamynyň hem-de hormatynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu dereje döwletimiziň dünýäde durnuklylygyň, parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň ygtybarly köprüsine öwrülmegine oňaýly şert döretdi.
Bitaraplyk syýasaty halkymyzyň mähriýetli diplomatiýasynyň dowamydyr. Eziz Diýarymyz Türkmenistan goňşy döwletler bilen hoşniýetli gatnaşyk gurmaga aýratyn üns berýär, sebitde durnuklylygyň berkidilmegine mynasyp goşant goşýar. Hiç bir harby birleşige goşulmazlyk ýörelgesi bolsa döwletimiziň diňe parahatçylykly maksatlara uýýanlygyny dünýä äşgär edýär.
Bu beýik syýasat ykdysadyýetde, ylym-bilimde, medeniýetde, ulag-aragatnaşyk we energetika ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklerini açýar. Ýurdumyzyň dünýä ýurtlary bilen gatnaşyklary dost-doganlygy, özara gatnaşygy, birek-bireke hormat goýmagy, ynamly hyzmatdaşlygy esas edinýär. Şeýlelikde, Baky Bitaraplygymyz diňe bir diplomatik ýörelge bolman, eýsem halklaryň arasyndaky dürli ugurlar boýunça gatnaşyklary pugtalandyrýan berk binýat bolup hyzmat edýär.
Şu ýyl ýurdumyzda Baky Bitaraplygymyzyň şanly XXX ýyllyk dabarasy giňden bellenip geçilýär. Her ýyl bellenilýän Bitaraplyk baýramy halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň we parahat ýaşamak arzuwynyň dabarasy hökmünde aýratyn baýramçylyk ruhunda geçýär. Bu mukaddes baýram milletimiziň parahatçylyk söýüjilik kadalaryna, ynsanperwer pelsepelerine, dostlukly gatnaşyklaryna goýýan belent sarpasynyň nyşanydyr.
Bitaraplyk – parahatçylygyň, ynanyşmagyň, hormat goýmagyň we dostlugyň ähli ýurtlary birleşdirýän köprüsidir. Bu ýol Türkmenistanyň halkara arenada ynamly ornuny pugtalandyrýar, halkymyzyň abraý-mertebesini has-da artdyrýar hem-de ýurdumyzyň geljegine giň mümkinçilikler açýar.
Ogulgül GYLYJOWA,
Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 16-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi



