Ylmy işler bilen gyzyklanýan ýaş raýatlar üçin her ýyl Ylymlar akademiýasynyň we Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň tarapyndan geçirýän ylmy işler bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar.
Ýaş alymlaryň arasynda ylym işler boýunça bu bäsleşige gatnaşmaga TYA-nyň, YGI-niň, senagat birleşikleriniň, ylmy-tehniki kärhanalaryň işgärleri, uniwersitetleriň talyplary, magistraturanyň, aspiranturanyň we doktoranturanyň diňleýjileri, orta we ýörite orta mekdepleriň okuwçylary, şeýle hem işjeň ylmy iş bilen gyzyklanýan islendik hünärli türkmenistanly raýatlar gatnaşmaga hukukly.
Bäsleşige teklip ediljek ylmy işler üçin mowzukdan esasy garaşylýan zat onuň wajyplygyny we islegliligini göz öňünde tutmakdyr.
Teklip edilen käbir mowzuklar : nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalary; molekulýar biologiýa, ekologiýa; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; innowasion ykdysadyýet, lukmançylyk, ynsanperwerlik ylymlary we we ş.m.
Ýaşlaryň arasynda geçiriljek ylmy işler bäsleşiginiň netijeleri, 12-nji iýunda ýurdumyzda bellenýän Ylym gününde jemlener.