Umman suwlarynyň bu hadysasynyň sebäbi ýakynda ýüze çykaryldy. Ýuwaş we Atlantik ummanlarynyň garyşmaýan dürli suw düzümleri bar. IA «Express-täzelikler»-iň žurnalistleri bu hadysanyň sebäbini anykladylar. Iki ummanyň araçägi iki dürli dünýäniň aragatnaşygydyr. Ummanlaryň arasynda garyşmaga mümkinçilik bermeýän diwar dörändigini duýmak bolýar. Alymlar suwuň seljermesiniň netijesinde himiki düzüminiň, duzuň we beýleki parametrleriň arasyndaky tapawudyň ýüze çykandygyny bellediler. Suwuň reňki hem tapawudy görkezmäge ukyplydyr. Bir suwuň beýlekisinden has agyrdygyny göz öňünde tutup, serhet dik bolmalydyr. Ýagny, bir umman beýlekisinden beýik bolmaly. Emma bu birnäçe sebäplere görä bolup bilmeýär. Dykyzlygynyň tapawudy ujypsyz, şonuň üçin hem derejelerde peselme ýokdur. Şeýle hem, akymyň ugrunyň tapawudy sebäpli inersial güýçler suwlaryň garyşmagyna ýol bermeýärler. Mundan başga-da, suwlar molekulalaryň baglanyşygynyň güýji bilen tapawutlanýarlar. Ummanlarda bu görkeziji gaty göze ilýär, şonuň üçin hem umman suwlary garyşmaýarlar.
Döwlet HALLYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby