Alymlar zebralar aslynda bedenlerinde zolaklara mätäçdigi barada alymlar jedelleşýärler. Bir wagtlar ak-gara kamuflýaž hasaplanýan zadyň iş ýüzünde “çybynlara garşy” mallar üçin matadan edilen ýapgydygy ýüze çykdy. Alymlar zebralaryň näme üçin zolaklydygyny anykladylar. Britaniýanyň Britol uniwersitetiniň alymlary zolakdaky reňkiň mörmöjekleri gorkuzýandygyny ýüze çykardylar. Näme üçin mör-möjekler bu reňki halamaýarlarka?
Alymlar muny bilmek üçin nagyşlary, ýagtylygy we zolaklaryň ululygy bilen tapawutlanýan atlara dürli ýapgylar atdylar we synag geçirdiler. Gara we ak reňkleriň mörmöjekleriň nyşana alynmagyna päsgel bermeýändigi, ýakynlaşanda bolsa olary bulaşdyrýandygy ýüze çykdy. Zolakly we öýjükli nagyşlar mörmöjekleri uzak saklamakda deň derejede täsir edipdir. Näme üçin ewolýusiýa zebralara şeýle şowly reňk berdikä?
Bir çaklama, zebralaryň gysga ýüňi we inçe derisi bolanlygy sebäpli, esasan mörmöjekleriň dişlemegine ýykgyn edýär. Alymlaryň bellemegine görä has möhüm faktor, gan sorýan mör-möjekler arkaly geçýän keselleriň, zebralar üçin beýlekilere garanyňda has howply bolmagydyr. Bu mesele has giňişleýin öwrenilmegini talap edýär.
Oguljahan MAŞADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby