Şu ýylyň birinji aprelinde Apple özüniň 50 ýyllyk ýubileýini bellär. Ol 1976-njy ýylda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda Stiw Jobs (Steve Jobs), Stiw Woznýak (Steve Wozniak) we Ronald Ueýn (Ronald Wayne) tarapyndan esaslandyryldy. Kompaniýanyň häzirki baş direktory Tim Kuk (Tim Cook) adamlaryň we medeniýetiň onuň esasy gymmatlyklary bolmagynda galýandygyny aýratyn belleýär.
Bu barada Apple kompaniýasynyň häzirki ýolbaşçysy CBS teleýaýlymyndaky söhbetdeşliginde aýtdy, onuň mazmunyna bolsa MacRumors internet neşiri salgylanýar. «Hawa, bizde köp sanly intellektual eýeçilik we başga-da zatlar bar, bular örän möhüm, emma intellektual eýeçiligi döredýän hut adamlardyr. Intellektual eýeçiligiň kömegi bilen innowasiýalary döredýän bolsa hut medeniýetdir» — diýip, Kuk düşündirdi. Onuň pikiriçe, kompaniýanyň medeniýetini gaýtadan döretmek aşa kyn, sebäbi bu uzak wagty we işgärleriň düýpli saýlanylmagyny talap edýär. Kukuň aýtmagyna görä, bir adam beýleki adamlary işe alýar, şeýlelikde kem-kemden tutuş bir gurama emele gelýär.

Onuň belleýşi ýaly, üýtgeýän şertlerde korporatiw medeniýetiň saklanyp galmagy örän möhümdir, sebäbi diňe tehnologiýalar ösmeýär, eýsem ýaşaýyş hem üýtgeýär. «Meniň pikirimçe, Apple şeýle bir özboluşly ýerdir, ony gaýtadan döretmek mümkin däl. Men dürli kompaniýalaryň köpüsini bilýärin, ýöne meniň pikirimçe, Apple öz ugrunda ýeke-täkdir», — diýip, Tim Kuk aýtdy. Kompaniýanyň ýubileýine çenli Dewid Poguň (David Pogue) «Apple: ilkinji 50 ýyl» atly kitaby çapdan çykar. Bu kitap korporatiw medeniýetiň köp taraplaryny beýan eder, şeýle hem kompaniýanyň kemala gelmegine we ösmegine goşant goşan köp sanly rowaýaty şahsyýetler bilen geçirilen söhbetdeşlikleriň ýazgylaryny öz içine alar.



