Apple kompaniýasynyň WWDC26 çäresinde tanyşdyran täze tehnologiýasy awtomobil dünýäsinde ähli zatlary üýtgedip biler. Tesla köp ýyllardan bäri özüniň uly sensorly ekranyna üçünji tarap programma üpjünçiliklerini girizmezligi bilen tanalýar. Ulanyjylaryň uly isleg bildirmegine garamazdan, Ilon Mask we onuň topary Apple CarPlay ýa-da Android Auto integrasiýasyna elmydama sowuk-sala çemeleşdi. Emma Apple kompaniýasynyň karta ulgamynda gurnan iň soňky täzelenmesi Tesla CarPlay integrasiýasynyň öňündäki bökdençlikleri aýryp biler. Bu ýagdaý, ýakyn wagtda Tesla ekranlarynda tanyş iPhone interfeýsini görüp biljekdigimize bolan garaýşy güýçlendirýär.
Tesla CarPlay integrasiýasy «Ugur paýlaşmak» aýýratynlygy arkaly çözülermi?
Tesla kompaniýasynyň CarPlay integrasiýasyny öz ulgamyna goşmak islemeýänliginiň aňyrsynda diňe bir täjirçilik däl, eýsem gaty güýçli tehniki sebäp hem bardy: FSD (Full Self-Driving / doly özbaşdak sürüş) ulgamy. Tesla ulaglary özbaşdak (awtonom) sürüş we awtomatik zolak çalyşmak funksiýalaryny ýerine ýetirýän wagty, göni awtomobiliň öz gurnalan nawigasiýa maglumatlaryna mätäçlik çekýär. Sürüji telefonyny birikdirip, Apple Maps arkaly ugur başladan wagty, FSD ulgamy arka planda bu ugry görüp bilmeýärdi we nireden öwrülmelidigini bilmeýändigi sebäpli, howpsuzlyk maksady bilen işini bes edýärdi.

Apple kompaniýasynyň täze yglan eden «Route Sharing – Ugur paýlaşmak» aýratynlygy bu tehniki bökdençligi düýbünden aradan aýyrýar. iOS 26.4 we ondan soňky wersiýalar bilen utgaşykly gelýän bu ulgam, iPhone-da başlanan bir ugruň ähli geografiki koordinat maglumatlaryny şol bada ulagyň esasy kompýuterine geçirip bilýär. Şeýlelikde, sürüji CarPlay kartasyny ulanýan wagty, Tesla kompaniýasynyň FSD kompýuteri hem arka planda şol bir ugry yzarlap bilýär.
Iki taraplaýyn maglumat çalyşygy we akkumulýator dolandyrylyşy
Galyberse-de, bu integrasiýa diňe bir taraplaýyn maglumat geçirmek bilen çäklenmeýär. Elektrikli ulaglaryň iň möhüm zerurlygy bolan ýöriş aralygy (menzil) we zarýad dolandyrylyşy hem bu köpri arkaly bilelikde alnyp barlyp bilinýär. Tesla özüniň akkumulýator ýagdaýyny we şol wagtky energiýa sarp ediliş maglumatlaryny CarPlay ulgamyna yzyna iberip bilýär.

Şeýlelikde, iPhone-daky karta programmasy ýol ugrunda ýerleşýän iň amatly Supercharger zarýad beketlerini awtomatiki usulda ugra goşup we täzeläp bilýär. Tehniki päsgelçilikleriň şeýle görnüşde aradan aýrylmagy bilen, integrasiýa prosesinde Apple indi karary dolulygyna Tesla kompaniýasynyň özüne galdyran ýaly görünýär.



