Bu barada Fixed Focus Digital kompaniýasyndan insaýder maglumat berýär.
Apple kompaniýasy şu ýaz paslynda täze modelleri hödürlemegi meýilleşdirýär. Garaşylmagyna görä, M5 Pro we M5 Max prosessorlaryna esaslanýan täze MacBook Pro modelleri 2026-njy ýylyň mart aýynda resmi taýdan tanyşdyrylar.
Esasy tehniki täzelik hökmünde çipleri gaplamakda häzirki zaman tehnologiýasy bolan TSMC SoIC ulgamyna geçilmegi görkezilýär. Bu tehnologiýa prosessorlary aýratyn funksiýaly bloklardan ýygnamaga mümkinçilik berýär.
Deslapky bahalandyrmalara görä, öndürijilik derejesiniň ýokarlanmagy örän täsirli bolar. M5 Pro çipiniň prosessor bölegi öndürijilik boýunça häzirki wagtda iň güýçli hasaplanýan M4 Max çipinden hem öňe geçip biler. Täze platformalaryň grafiki mümkinçilikleri 30–40% aralygynda artar, bu bolsa wideo, 3D-grafika we neýrotorlar bilen professional derejede işleýänler üçin aýratyn möhüm bolup durýar.
Birnji çärýekde MacBook Pro modeliniň çykarylmagy Apple kompaniýasynyň innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça tizligi artdyrmaga çalyşýandygyny tassyklaýar. Täze modeller öň diňe iň gymmat we aýratyn konfigurasiýalarda elýeterli bolan tizlik derejesini hödürlär.



