Apple Music ses ýazgy kompaniýalaryň we distribýutorlaryň platforma mazmun ýükleýän wagtlary emeli aň arkaly döredilen materiallary doly ýa-da bölekleýin belläp bilmekleri üçin täze usul girizdi.
Ozal Apple öz hyzmatdaşlaryna hat ýollap, aýdym-saz döretmekde emeli intellektiň ulanylmagy meselesinde açyklygy ýokarlandyrmaga kömek etjek täze meta-maglumatlar toplumynyň nähili ornaşdyryljakdygyny düşündirdi. Adaty ýagdaýda meta-maglumatlar aýdymyň, albomyň, žanryň, aýdymçynyň adyny we faýllary tertipleşdirmäge kömek edýän beýleki maglumatlary görkezmek üçin ulanylýar. Indi bolsa bu topluma, aýdymyň belli bir böleklerinde emeli aň arkaly döredilen mazmun bolan ýagdaýynda, distributorlaryň ulanyp biljek täze bellikleri goşular.
Diňleýjiler bu täzelige uly gyzyklanma bildirýärler — sosial ulgamlarda we internet jemgyýetlerinde munuň ýaly pikirler eýýäm öňe sürlüpdi. Meta-maglumatlary ulanmak bilen baglanyşykly ýüze çykyp biljek kynçylyk, olaryň meýletin doldurylýandygyndadyr: leýbl ýa-da distribýutor emeli aňyň ulanylandygyny görkezýän belligi goýup-goýmazlygy özleri el bilen saýlamaly bolýar.
Şuňa meňzeş ugur bilen Spotify platformasy hem hereket edýär. Beýleki saz akym platformalary, şol sanda Deezer, emeli aňyň gatnaşygyny ýüze çykarmak üçin öz gurallaryny ulanýarlar, ýöne muny takyk kesgitlemek henizem aňsat mesele däl.



