Apple kompaniýasy geçen çärýegiň netijelerini jemläp, umumy girdejisiniň 102,5 milliard dollara ýetendigini mälim etdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8 % ýokarydyr. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Tim Kuk maýa goýujylaryň öňünde çykyş edip, girdejiniň esasy bölegini ýene-de iPhone satuwlarynyň üpjün edendigini aýtdy. Smartfonlaryň satuwlary kompaniýa 49 milliard dollar girdeji getirip, takmynan 6 % ösüş görkezdi.
Apple kompaniýasynyň hyzmatlar ugry boýunça hem rekord goýdy. Bu şereketiň abuna hyzmatlary we sanly önümler boýunça girdejisi çärýekde 28,8 milliard dollara ýetip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 15 % artdy. Indi bu ugur Apple kompaniýasynyň umumy girdejisiniň üçden bir bölegine deňdir. Bu ösüş 2023-nji ýylyň ahyryndan bäri üznüksiz dowam edýär. Kompaniýa müşderileriň sanly mazmuna we bulut hyzmatlaryna bolan isleginiň durnuklydygyny belleýär.
Apple kompaniýasynyň girdejisi Demirgazyk we Günorta Amerika, Ýewropa, Ýaponiýa hem-de Aziýanyň beýleki ýurtlarynda hem artdy.
Umuman, Apple yzly-yzyna alty çärýekdir ösüş görkezýär. Hasabat döwründe bir paýnama üçin arassa girdeji 1,85 dollar bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iki esse diýen ýaly ýokary boldy.
Apple kompaniýasynyň enjamlar boýunça umumy girdeji 73,7 milliard dollara ýetdi. Mac kompýuterleriniň satuwy takmynan 13 % ýokarlanyp, 8,7 milliard dollara barabar boldy. iPad satuwy, takmynan, 7 milliard dollar bolup, geçen ýylyň derejesinde saklanyp galdy. Dakynylýan enjamlar we öý tehnologiýalaryny öz içine alýan segment bir göterimden hem az pese düşüp, 9 milliard dollara deň boldy.
Maliýe ýylynyň dowamynda kompaniýa 416 milliard dollar gazandy. Apple brendiniň dünýä boýunça işjeň ulanylýan enjamlarynyň sany taryhda iň ýokary görkezijä ýetdi. Hasabatda bir paýnama üçin girdejiniň san taýdan iki esse ýokarlanandygy we ähli önümler boýunça ýylyň oňyn netijeler bilen tamamlanandygy aýdylýar.



