Aşgabat şäher telefon ulgamy «Call centre» hyzmatyndan peýdalanmagy teklip edýär. Bu hyzmat edaralara, kiçi we orta kärhanalara ýüz tutmalary kabul etmegi hem-de müşderileri hödürlenilýän hyzmatlar barada habardar etmegi guramaga mümkinçilik berýär.
AŞTU bilen şertnama baglaşyp, bu hyzmat birikdirilenden soňra, müşderiler kompaniýadan zerur maglumatlary telefon arkaly özleri üçin islendik amatly we tiz wagtda alyp bilerler.
Munuň özi, müşderiniň kompaniýa ýa-da kärhana bolan ynamyny artdyrýar.
Call centre kompaniýanyň bir bölümi ýa-da aýratyn bir gurama bolup, müşderileriň giriş we çykyş jaňlaryna jogap bermek boýunça hyzmatlary amala aşyrýar. Bu hyzmat alyjy bilen satyjynyň arasyndaky aragatnaşygy üpjün edýär.
“Call centre-iň” has giňişleýin görnüşi ýörite sosial sowalnamalary, dürli ses berlişikleri, çäreleri geçirmegi hem-de sarp edijileri goldamagy göz öňünde tutýar.
Giňişleýin maglumaty Aşgabat şäher telefon ulgamynyň resmi saýtynda ýa-da şu telefon belgisi: 42-72-22 boýunça alyp bilersiňiz.