Häzirki wagtda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini üpjün etmek we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen, halkara işewürlik gatnaşyklary yzygiderli giňeldilýär. Bu strategiýanyň çäklerinde, Beýik Britaniýanyň paýtagty London şäherinde guralan «B2B Exchange» biznes-missiýasy, türkmen hususy pudagynyň dünýä bazaryna çykmagynda möhüm ädim boldy.
Türkmenistandan 20 kompaniýa London bazarynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Günbatar London Söwda edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu halkara forumda, Türkmenistana wekilçilik edýän 20 sany milli kompaniýa öz önümlerini we hyzmatlaryny tanyşdyrdy. Çärä oba hojalygy, azyk senagaty, dokma, gurluşyk, syýahatçylyk we hyzmatlar ulgamynda öňdebaryjy türkmen kärhanalary gatnaşdy. Bu wekilçilik, Türkmenistanyň diňe bir energiýa serişdeleri däl, eýsem gaýtadan işleýän we hyzmatlar pudagynda hem eksport kuwwatynyň artandygyny görkezýär.
Dünýä belli brendler bilen B2B duşuşyklar
Biznes-missiýanyň dowamynda türkmen işewürleri dünýä bazarynda öňdebaryjy orunlary eýeleýän britan kompaniýalary bilen göni B2B gepleşiklerini geçirdiler. Hususan-da, «Shell», «Primark», «Range Rover» we «Berkeley Group» ýaly iri korporasiýalaryň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklar, geljekki maýa goýum taslamalaryny we bilelikdäki kärhanalary döretmek ugrunda möhüm mümkinçilikleri açýar.
Eksport kuwwaty we täze hyzmatdaşlyk ugurlary
Gepleşiklerde ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümleri we ýokary hilli türkmen dokma harytlary daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň uly gyzyklanmasyny döretdi. Mundan başga-da, diňe söwda däl, eýsem bilim we innowasiýa ulgamynda hem hyzmatdaşlygy giňeltmek, Britaniýanyň ýokary okuw mekdepleri bilen gatnaşyklary ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
«B2B Exchange» platformasy, türkmen işewürleriniň halkara standartlaryny öwrenmegi, döwrebap marketing tejribesini özleşdirmegi we Ýewropa bazaryna has ynamly girmegi üçin täze we uly mümkinçilikleri döretdi.
Kömekow Atamyrat
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy


