Chevrolet kompaniýasy Colorado ZR2 pikabyna çylşyrymly ýol şertlerinde has ýeňil hereket etmegi üpjün edýän «Air Down Mode» aýratynlygyny girizdi. Bu ulgam gumly, daşly ýa-da palçykly ýollardan geçmezden ozal, tekerlerdäki basyşy belli bir ölçegde peseltmäge mümkinçilik berýär.
Basyşyň peseldilmegi tekeriň ýer bilen galtaşýan meýdanyny giňeldýär. Munuň netijesinde teker büdür-südür ýerlere has gowy uýgunlaşýar weýere ýapyşygy artýar, ýumşak ýa-da daşly ýollarda ulagyň geçijiligi ýokarlanýar. Colorado ZR2 modelinde bu amaly göni multimedia ulgamy arkaly amala aşyryp bolýar: sürüji gerekli basyşy belleýär, şondan soňra awtoulag pes basyşda hereket etmek üçin elektron ulgamlarynyň işini sazlaýar. Çylşyrymly ýollardan geçilenden soňra, şinalaryň basyşyny el bilen başlangyç ýagdaýyna getirmeli.
Chevrolet Colorado ZR2 — orta göwrümli pikabyň çarkandakly ýerler üçin niýetlenen görnüşidir. Onuň uzynlygy takmynan 5,4 metr, ini bolsa 1,94 metr. ZR2 wersiýasynyň asma ulgamy, standart modellere garanyňda, takmynan, 8 santimetr ýokary galdyryldy we ýerden beýikligi tas 27 santimetre ýetýär. Ulagyň ähli tigirli hereketlendiriji, öň we yz taraplary gulplanýan differensiallar bilen üpjün edilen.
Awtoulag 17 dýuýmlyk tekerler, 33 dýuýmlyk Goodyear Wrangler Territory Mud-Terrain wnedorožnik şinalary, aşagy alýumin goragy we güýçlendirilen bosagalar bilen üpjün edilen. Salonda 11 dýuýmlyk sanly gurallar paneli we Google hyzmatlary bolan 11,3 dýuýmlyk multimediýa ekrany bar.
Ulagyň kapotynyň aşagynda 314 at güýjüne we 583 Nm çekijiligi öndürýän 2,7 litrlik TurboMax turbo hereketlendirjisi ýerleşdirilen. Ol sekiz basgançakly awtomatiki geçiriji guty bilen bilelikde işleýär. Bu pikap 2720 kilograma çenli ýükli tirkegi çekmäge ukyplydyr. Colorado ZR2 çarkandakly ýerlere we işjeň ulanyşa gönükdirilen внедороžnikleriň (ýolsuz ýer ulaglarynyň) hataryna girýär. Ýewropada parallel import arkaly getirilýän bu modeliň bahasy 88 000 ýewrodan başlanýar.



