Damjalaýyn suwaryş ulgamy, suwy tygşytlaýan we gerekli mukdarda gerekli ýere netijeli akmagyna
mümkinçilik berýän mikro suwaryş usullaryndan biridir. Elbetde, ulgam gaty haýal işleýän ýaly bolup
görünýär, emma aslynda beýle däl. Suw kök zonasyna gönüden-göni damýar we bu bugarmagyň göterimini
azaldýar. Beýleki usullar bilen deňeşdirilende damjalaýyn suwarmagyň esasy peýdalary:
Topragyň iň ýokary howa çalşygy. Enjam toprakda ösümligiň zerurlygy ýaly çyglylygy saklamaga
mümkinçilik berýär. Bu usul bilen kökler tutuş ösümlik möwsüminde erkin dem alýar;
Işjeň kök ösüşi. Bu usul, beýleki suwaryş usullary bilen deňeşdirilende ösümligiň kökleriniň ösüşini
çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Ösümlikleri goramak. Damjalaýyn suwaryş döwründe ösümligiň ýaprakly bölegi çygly bolmaz. Bu
keselleriň döremek ähtimallygyny azaltmaga kömek edýär we kesellerden hem-de zyýan berijilerden
geçirilen bejergi ýapraklardan ýuwulmaýar;
Iň az zähmet çykdajylary. Ulgam düýbünden özbaşdak we eýesine gündelik el bilen suwarmakdan dynmaga
mümkinçilik berýär;
Tygşytlamak. Damjalaýyn suwarmak suwuň 60-70% -ini tygşytlap biler, sebäbi peýdasyz çykdajylar
azaldylýar. Suw diňe zerur ýerlere berilýär.
Merjen BAÝAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby