Dodge kompaniýasy eýýäm häzirki nesil Charger modeliniň iň wepaly muşdaklaryna niýetlenen, güýçli sekiz silindrli hereketlendirijili görnüşini işläp taýýarlap başlady. Mopar Insiders neşiriniň öz çeşmelerine salgylanyp habar bermegine görä, Hellcat hereketlendirijili Charger modeliň meýilleşdirilen täzelenmesiniň çäklerinde model maşgalasyna goşular.
Kupe we sedan görnüşleriniň 2028-nji model ýylyna çenli täzelenmegine garaşylýar. Şonuň üçin hem iň güýçli Charger modeliniň ilkinji görkezilişi eýýäm 2027-nji ýylda bolup biler.
Täze nesil Charger modeliniň işlenip düzülmegine ýaňy-ýakynda täzeden döredilen SRT bölümi gatnaşýar. Bu bölümiň ilkinji modeli bolsa aşa güýçli Ram 1500 TRX pikapy boldy. Neşiriň maglumatyna görä, Charger üçin V8 hereketlendirijisi hut şu pikapdan alnar. Bu ýerde 6,2 litrlik agregat 788 at güýjüni we 923 Nm tork öndürýär.
Maşgalanyň täzelenmegine çenli galan wagty Dodge goşmaça barlaglara sarp eder: STLA Large platformasy içinden ýandyrylýan hereketlendirijileri ulanmagy göz öňünde tutýar, emma neşiriň bellemegine görä, uly we örän güýçli hereketlendirijini integrasiýa etmek aýratyn ünsli synag maksatnamasyny talap edýär.
Taslamanyň maliýe taýdan esaslandyrylmagy hökmünde neşir Ram 1500 TRX modeline bolan ýokary islegi mysal getirýär, sebäbi “zarýadlanan” pikapyň bahasy takmynan 100 müň dollar bolsa-da, oňa bolan isleg ýokary bolmagynda galýar.
Dodge Charger Hellcat programmasy häzirlikçe resmi taýdan tassyklananok. Şeýle-de bolsa, mundan öň Stellantis kompaniýasynyň Demirgazyk Amerika bölüminiň ýolbaşçysy adaty V8 Hemi dwigatelini kupe we sedan ulaglaryna oturtmagyň ykdysady taýdan manysynyň ýokdugyny aýdyp, şeýle maslkaryň (muscle car) tiz wagtyň içinde peýda boljakdygyna yşarat etdi.



