Topraga jan berýän, gün astynda yhlasy bilen döretýän, halkyň rysgally saçagyny bezýän daýhanlar-biziň zähmetsöýer halkymyzyň ýüreginiň gözenegidir. Daýhan bolmak-bir käriň eýesi bolmak däl, bu ýaşaýyş ýörelgesi, halal zähmetiň, sabyrlylygyň, yhlaslylygyň nusgasydyr.
Ekin ekilip başlanynda adamlar biri birine “Ekeniňiz müňlesin” diýip aýdýarlar. Bu sözler diňe bir arzuw dileg däl, bu halkyň ýürekden çykýan alkyşydyr. Her bir dänäniň özi tohumdan rysgala, zähmetden baýlyga öwrülýän ýolunyň arasynda daýhanyň der damjalary, çäksiz zähmeti bar.
Türkmen topragynda daýhançylyk gadymdan bäri mukaddeslik derejesine ýetirilipdir. Ekin meýdanlarynyň başynda edilen dilegler, suw damjalarynyň hasyla öwrülmegine ynanmak, topraga goýulýan hormat, bularyň bary halkymyzyň zähmete bolan ruhy garaýşynyň beýanydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň “Daýhan -Watanyň baýlygydyr” diýen parasatly sözi halkymyzyň bu zähmet gahrymanlaryna goýýan belent sarpasynyň beýanydyr. Onuň baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalygynda düýpli özgertmeler amala aşyryldy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda bolsa bu ugurda täze döwrebap tehnologiýalar, suw tygşytlaýjy usullar, ýokary hilli tohumlar giňden ornaşdyrylýar. Daýhanlara berilýän goldawlaryň netijesinde, türkmen topragy ýylsaýyn has-da bereketlenýär, saçagymyz bol bolup, halkymyzyň abadançylygy artýar.
Egin meýdanlarynda miweleri gözüň hanasyny iýip gelýän baglar, sary altyn ýaly dänesi bilen öwüşgin saçýan bugdaý meýdanlary, köp zähmet talap edýän pagta ekinleri, bularyň ählisiniň aňyrsynda daýhanyň yhlasy, zähmeti bar.
Daýhan zähmetiniň görki ýazda açylýar, güýzde bolsa miwesini berýär. Emma onuň güýji diňe toprakda däl, onuň ýüregindäki Watana bolan söýgüsi, halkyna bolan wepasy onuň hakyky güýjüdür.
Şonuň üçin hem her bir türkmen ogly daýhanyň zähmetini hormatlamaly, ony wasp etmeli. Çünki daýhanyň özi parahatlygyň, rysgallylygyň, agzybirligiň daýanjydyr.
Ekeniňiz müňlesin, baba daýhanlar! Siz halal zähmetiň we Watana wepalylygyň nusgasy bolup galýarsyňyz!
Öwezowa Aziza Kemaljanowna, taryhçy
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 11-nji orta mekdebiniň taryh we jemgyýeti öwreniş mugallymy