Ekstensiw agrotehnologiýa
Topragyň tebigy hasyllygy dökün ulanmazdan we beýleki agrotehniki serişdeler ýa-da olary örän çäklenen görnüşde melorant sortlarda ulanylmagy. Ekstensiw adalgasy türkmen diline terjime edilende “ugur gönükdirilen ugur, ýaýramak” diýmekdir. Ekstensiw ýerleri ulanmakda ýagny ekin meýdanlary giňeltmek arkaly önümiň göwrimini köpeltmeklige gönükdürmeklige düşünilýär.
Topragy düzümini işlemek ulgamy. Elbetde sürüm organiki maddalaryň işjeňleşdirilmegine ukyply we iýmit elementleriň boşamagyna getirýär. Sürüm ýene-de haşal otlara, kesellere we zyýankeşlere garşy göreş çärelerini hem amala aşyrýar. Ekstensiw agrotehnologiýada oba hojalyk ekinleriniň hasyllygynynda iýmit elementleriň ýetmezçiligi çäklenendigi sebäbi iýmit ýetmezçiligini mehaniki ýol bilen düzetmek kynçylyk döredýär. Şeýle bolsa-da hem agrotehnologiýa bu hadysany dolandyrmak mümkinçiligine eýedir. Ýagny tebigy şertlere durnukly sortlary saýlamak ekinleri çalşyp ekmek, topragy ekişden öň we ekişden soň işlemek, ekiş möhletini çaltlandyrmak, ekiş kadasy ekiş çuňlugy, ekin meýdanlaryny ekişden öň we ekişden soň boranalamak. Ekstensiw agrotehnologiýalarda önümiň optimal hilini goşup bolmaýar.
Intensiw tehnologiýalar
Ýokary derejeli intensiw agrotehnologiýalar ekologik täsiri azaltmak bilen oba hojalyk ekinleriniň ýokary hilli sortlarynyň genetiki mümkinçiliklerini (potensialyny) aňryçäk (maksimal) derejede ulanmaga gönükdirilendir. Ýokary derejeli we takyk bu tehnologiýalar öňki tehnologiýalardan häzirkizaman elektron ulgamlarynyň, geomaglumat ulgamynyň, ekişi anyklamagyň älem (kosmiki) usulynyň ulanylmagy, üýtgäp durýan şertlerde uzak aralykdan dolandyrylmagy bilen tapawutlanýarlar.
Ýokary derejeli agrotehnologiýalarda limitirleýän görkezijileri amatly ýagdaýda sazlamak FAR-y, ýylylygy, çyglylygy, ösümlik sortlarynyň genetiki mümkinçiliklerini maksimal derejede ulanmak meselesini çözmek bilen öňde goýlan maksada ýetilýär. Şonda tebigy betbagtçylygynyň ýa-da tehnologik ýalňyşlyklaryň netijesinde önümçilik hadysalarynyň bozulmagy agrotehnologiýalaryň netijeliliginiň düýpli peselmegine getirip biler. Agrotehnologiýanyň aňryçäk intensifikasiýasyny durmuşa geçirmek amatly tebigy şertlerde, zarbykmanyň mümkin boldugyça az bolan ýagdaýynda, ýokary derejeli hünärmenleriň bolmagy bilen, ylmyň we tehnikanyň täze gazananlarynyň ulanylmagy netijesinde mümkindir.
Ýokary derejeli agrotehnologiýalaryň maksada gönükdirilen meselelerine optimal ýagdaýda oba hojalyk önümleriniň element düzümini, şol sanda düzümindäki mikroelementleri sazlamak bolup durýar. Bu tehnologiýalarda ýapraklardaky azodyň saklanyşyna, gülleýşiň koeffisientine baglylykda dökünleriň, pestisidleriň berilmeginiň, ösümlikleri goşmaça iýmitlendirmegiň takyk usuly ulanylýar, haşal otlaryň çykan ýerlerinde olara garşy göreş çäreleri geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda ulanylýan himiki serişdeler tygşytlanýar we daşky gurşawyň hapalanmak howpy peselýär. Takyk agrotehnologiýalarda häzirkizaman programmalaýyn dolandyrylmagy GIS arkaly ýerleriň agroekologik bahalandyrmasynyň esasynda amala aşyrylýar. Ol ýa-da beýleki agroekologik şertleri görkezýän elektron kartalara laýyklykda offline düzgünde operasiýalary ýerine ýetirmek üçin tabşyryk-kartalar işlenip düzülýär. Işlenip düzülen tabşyryk-kartalar fleş-karta ýazylýar we olaryň ýerine ýetirilişini amala aşyrýan bort kompýuterine ýüklenýär.
Dolandyrmanyň beýleki usuly on-line ulanylanda dolandyrylýan ululyk, meselem, ösümliklerde azodyň saklanyşy agregatyň ekin meýdanynda ýöräp barýan pursaty ölçenýär. Azodyň ýetmezçiliginiň bu görkezijisi dolandyrylýan duýduryşyň (signalyň) bolmagyna, onuň bilen baglylykda azodyň gerekli mukdarynyň berilmegine getirýär.
Hoşgeldi ÖMIROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Zootehniýa taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby