ABŞ-nyň häzirki Prezidenti Donald Trampyň (Donald Trump) uly meýilleri belli bir wagtda öz hususy mobil aragatnaşyk operatoryny döretmekde hem özüni görkezdi. Bu operator üçin adybir smartfonyň çykarylmagy bolsa mertebe meselesine öwrüldi. Ýanwar aýynda markanyň ilkinji önümi hökmünde öňe sürlen «T1» atly enjam ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasynda (Federal Communications Commission – FCC) sertifikatlaşdyrmadan geçdi.
Bu habary «The Verge» resursy habar berdi. Bu neşir «Trump Phone» taslamasynyň ykbalyny dykgat bilen yzarlaýar we onuň durmuşa ukyplydygynyň subutnamalaryny yzygiderli çap edýär. Saýtyň wekilleriniň bellemegine görä, olar heniz fewral aýynda «Trump Mobile» operatorynyň işgärlerinden bu enjamyň Amerikanyň regulýatory (kadalaşdyryjy edarasy) tarapyndan sertifikatlaşdyrylandygy baradaky tassyklamany alypdyrlar. Sertifikatlaşdyryş arzasynda, adatça bolşy ýaly, gaty az maglumat bar: enjamyň tehniki aýratynlyklaryndan diňe Bluetooth 5.3 we Wi-Fi 6E goldawy agzalýar. Arzanyň özi bolsa «Smart Gadgets Global» kompaniýasy tarapyndan tabşyrylypdyr.
Adybir kompaniýanyň saýty howlukmaç taýýarlanylan ýaly täsir galdyrýar, ýöne onuň baş direktory «Trump Mobile» mobil operatoryna hem ýolbaşçylyk edýän Erik Tomasdyr (Eric Thomas). «Smart Gadgets Global» kompaniýasynyň hasaba alnan salgysy hem hut şol Erik Tomas bilen baglanyşykly beýleki ýuridiki şahslaryň maglumatlary bilen gabat gelýär. Bu ýagdaýlaryň hemmesi asyl neşiriň awtorlaryna FCC-de hasaba alnan «T1» smartfonynyň, dogrudan hem, «Trump Mobile» aragatnaşyk operatory tarapyndan satyljak enjamdygy barada netije çykarmaga esas döredýär. Sertifikatlaşdyryşdan geçmek faktynyň özi şeýle enjamyň haçan-da bolsa bir wagt satuwa çykaryljagyna doly kepil geçmeýär, ýöne azyndan gyzyklanma bildirýän kompaniýalar ony bazara çykarmaga synanyşýarlar.



