Hormatly Prezidentimiz Döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, beýleki pudaklar bilen bir hatarda maldarçylygy ösdürmegiñ anyk ugurlaryny kesgitledi. Pudakda zähmeti guramagyñ öndebaryjy usullarynyñ ornaşdyrylmagy onuñ ösüşine uly täsirini ýetirdi. Ýurt Garaşsyzlygy ýyllarynda maldarçylykda maddy taýdan höweslendiriji kärendeçilik usuly giñden ornaşdyryldy. Bu bolsa maldarçylykda özüniñ oñyn netijelerini berýär.
Gara maldarçylyk barada aýdanymyzda, öñki ýyllaryñ tejribesi maldarçylyk önümlerini häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan fermalarda öndürmekligiñ maksada laýykdygyny görkezdi. Fermalarda mallaryñ baş sanynyñ bir ýere jemlenilmegi olara ideg edilende işleri ýokary derejede mehanizasiýalaşdyrmaga, iş öndürijiligini has-da ýokarlandyrmaga we alynýan önümiñ özüne düşýän gymmatyny arzanlatmaga mümkinçilik beryär. Döwrebap maldarçylyk toplumlaryna we fermalaryna Türkmenistanyñ Azyk senagaty assosiýasiyasynyñ Daşoguz welaýatynyň maldarçylyk toplumyny, “Şa ýoly” we “Altyn halka” maldarçylyk kärhanasyny mysal getirmek bolar.
Bu maldarçylyk toplumlarynda mallara ideg etmek boýunça işler dünýäniñ öñdebaryjy ýurtlarynda öndürilen tehnikalaryñ we enjamlaryñ kömegi bilen ýerine ýetirilýär. Täze tehnologiýalaryñ fermalarda ornaşdyrylmagy alynýan önümiñ mukdarynyñ artmagyna, pudagyñ ykdysady görkezijileriniñ ýokarlanmagyna oñyn täsir edýär. Maldarçylyk toplumlarynda saklanylýan mallaryñ tohumynyñ hiline aýratyn üns berilmelidir. Fermada diñe ýokary önümli mallaryñ köpeldilmegi, onda ulanylýan tehnikalaryñ we enjamlary ulanylyşynyñ netijeliligini ýokarlandyrýar, önümiñ özüne düşýän gymmatyny peseldýär.
Pyhambergulyýewa Orazgül,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Kinologiýa taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby



