Guşlar iň çalt ýetişýän görnüşleriň biri bolup, gysga wagtyň içinde ýokumlylygy we hili ýokary ýumurtga, guş eti ýaly önümleri almaga mümkinçlik berýär. Towuk ýumurtgasy adamyň ýaşaýşy üçin zerur bolan hemme ýokumly maddalar jemlenen ýeke-täk tebigy önümdir. Onuň sarysynda ýag 31,3 %, protein 16,4 %, mineral maddalar 1,1%, A,B,D witaminler we belogynda protein 12,7 % hem-de mineral maddalar 0,9 % saklanýar. Diňe suw guşlarynyň ýumurtgalarynyň düzüminde ýagyň mukdary ýokary gelýär (13-19%). Guş eti ýokary tagamlylygy, ýokumlylygy, siňňitliligi we berhizlik häsiýeti bilen beýleki mallaryň etinden düýpli tapawutlanýar.
Ýagny onuň siňňitlilik koeffisienti 80-90% ýetýär. Guş etiniň düzüminde belok 12%, ýag 12%, suw 70 % we organiki däl maddalar 6 %. Guşlaryň tohumlary önüm berijiligi boýunça esasy 3 ugra gönükdirilen: Ýumurtga ugra gönükdirilen; et ugra hem-de et we ýumurtga ugra gönükdirilen. Ýumurtga öndürmek üçin gönükdirilen towuklar 140-150 gün, et öndürmek üçin ugrukdyrylanlary 150-180, umumy ugra degişli towuklar 150-160, ördekler 220-280, hindi guşlar 220-320, gazlar 250-330 günden ýumurtga guzlap başlaýar. Häzirki döwürde ýumurtga öndürmek üçin ulanylýan tohumlaryň gibridlerinden 270-280 we ondan hem köp ýumurtga alyp bolýar.
Guşlaryň beýleki görnüşlerinden: bedenelerden 200-280, ördeklerden 120-160, hindi guşlaryndan 80-120, gazlardan 40-50, sesarkalardan 100-150 ýumurtga almak mümkindir. Guşlaryň diri agramynyň esasynda et önumliligine baha berilýär. Häzirki wagtda guş etini öndürmekde broýler jüýjeleri (7-8 hepdelik et ugruna gönükdirilen jüýjeler) giňden ulanylýar, olar çalt ýetişýär we etiniň hili ýokary. Olaryň diri agramy 45-50 günlüginde 1,4-1,6 kg we ondan hem ýokara ýetýär. Broýler jüýjeleriniň 1 kg diri agramynyň ösüşine 2,5-3 iým birligi sarp edilýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanda guşçulyk bilen kärende, fermer, kömekçi we döwlet hojalyklarynda meşgullanylýar. Garagumyň Merkezinde gurulýan “Türkmen köli” guşçylygy ösdürmekde geljekde özüňiň oňyn täsirini ýetirer. Pudagyň girdejililgini artdyrmak üçin per ýassyklary, ýorgan düşekleri taýýarlamak bilen meşgullanýan ýöriteleşdirilen uly ýa-da kiçi kärhanalary gurmak maksadalaýyk hasaplanýar. Şonuň bilen bir hatarda Türkmenistanda bar bolan guşçylyk fabriklerini, guşçulyk hojalyklaryny we beýleki guşçulyk kärhanalaryny häzirki zaman ösen tehnologiýaly enjamlar bilen abzallaşdyryp, olaryň durkuny täzelemek guşçulygyň ösmegine ýardam eder.
KERIMOW PENA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby