Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň oba ilatynyň durmuş ýaşaýyş şertleri barha gowulanýar we pudagyň netijeliligi ýokarlanýar. Dowardarçylygy ösdürmek boýunça ilkinji nobatda we ýakyn geljekde ýerine ýetirilmegi bellenilen çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň esasynda pudakda ilerlemeler we öňegidişlikler gazanylýar. Dowarlaryň baş sanynyň köpelmegi hem-de önümliliginiň ýokarlanmagy bilen baglylykda Türkmenistan boýunça dowardarçylyk önümleriniň öndürilişinde-de öňe gidişikler gazanylar.
Hormatly Prezidentimiziň täze özgertmeler syýasatyna laýyklykda mundan beýläk-de dowardarçylygy ösdürmeklik meselesi ähli derejelerde – Döwlet, welaýat, etrap, ferma, çopan goşy, ylmy-barlag institutlar derejesinde çuň we giň öwrenilmäge, üns berilmäge degişli bolup durýar. Türkmenistanda et, ýüň, deri bilen ilaty doly üpjün etmäge we bu önümleri bol möçberde gyzyl pula satmaga mümkinçilikler bar. 2011-2030-njy ýyllar üçin durmuş-ykdysady görkezijileriň maksatnamasynda dowarlaryň baş sanyny üzül-kesil köpeltmezden, olaryň önümliligini ýokarlandyrmagyň hasabyna goýun eti, ýüň, deri ýaly önümleriň bolçulygy dörär.
Dowardarçylyk – maldarçylygyň möhüm pudaklarynyň biridir. Dowarlardan ýüň, bagana, içmek derisi we gymmat iýmit önümleri – et, ýag, süýt öndürilýär. GDA–da umumy öndürilýän etiň 9-10 %, şol sanda Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlarynda bolsa 40-50 % goýun etiniň paýyna düşýär. Dowarlar GDA-da oba hojalyk mallarynyň iň köp ýaýran görnüşidir. Olar hemme ýerde diýen ýaly, beýleki mallary saklamagyň mümkinçiliginiň ýok ýerinde hem ösdürilýär.
Dowardarçylygyň esasy önümi–ýüňdir. Dowarlaryň umumy önüminiň bahasynyň ol 40-42 %-ni tutýar. Dokma senagaty üçin çig mal hökmünde ol himiki süýümleriň önümçiliginiň artýan halatlarynda hem öz ähmiýetini ýitirmeýär. GDA-da inçe we ýarym inçe ýüň berýän tohumlaryň paýyna goýunlaryň umumy baş sanynyň ¾ bölegi degişlidir. Inçe we ýarym inçe ýüň öndürilýän tohumlardan iri we ýarym iri ýüň berýän tohumlar bilen deňeşdirilende köp we ýokary hilli ýüň öndürilýär. GDA dowarlaryň baş sany we ýüň öndürilişi boýunça dünýäde (Awstraliýadan soňra) ikinji ýeri tutýar, goýun etini öndürmekde bolsa birinji ýeri eýeleýär.
Jumamyrat Göläýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Mallaryň kesellerini anyklamak we bejermek kafedrasynyň uly mugallymy




