Her ýylyň 9-njy iýunynda bellenilýän Halkara arhiw güni, 2007-nji ýylyň noýabr aýynda Halkara arhiw geňeşi, ICA (Halkara arhiw geňeşi) tarapyndan Kwebekiň Baş Assambleýasynda döredildi. Halkara arhiw geňeşi, dünýädäki arhiw mirasynyň goralmagyny, ösdürilmegini we ulanylmagyny öňe sürýän bütindünýä arhiw jemgyýetiniň professional guramasydyr. Şu güne çenli ISA-nyň 190-dan gowrak ýurtdan 1,5 müňe golaý agzasy bar. Guramanyň işi, arhiwleri netijeli dolandyrmak we halkara ülňüleri döretmek we arhiw işgärlerini kämilleşdirmek arkaly arhiw mirasyny gorap saklamak, gaýtadan işlemek we ulanmak, şeýle hem arhiwçiler, syýasatçylar, telekeçiler we arhiw ulanyjylary bilen gepleşik arkaly arhiwlere girmegi üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr.
Arhiw işgärleri resminamanyň hereket edýän döwründe maglumatlaryň we daşaýjynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ylmy, tehniki, gorap saklamak, dikeltmek işlerini alyp barýarlar. Galyberse-de, ol ýerde her birimiz hakda, islendik kanuny amallar, maliýe amallary we ş.m. hakda aýratyn maglumatlar saklanýar. Arhiw maglumatlary adamzadyň ykdysady, syýasy we jemgyýetçilik ösüşiniň gymmatly subutnamasydyr. Şonuň üçin hem arhiw güni diňe bir bu pudakda işleýänler üçin hünär baýramçylygy bolman, eýsem köpçüligiň we ünsüni arhiwdäki üstünliklere we meselelere çekmek üçin döredilen ýatdan çykmajak senedir.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby



