Haýwanlaryň iýmitlendirilmegi maldarçylygyň esasy tarapy bolup, haýwanlaryň saglygyna, öndürijiligine we umumy hal-ýagdaýyna gönüden-göni täsir edýär. Dogry kadaly iýmitlendirmek haýwanlary energiýa we biologiki taýdan işjeň maddalar bilen üpjün edýär, bu olaryň sagdyn ösmegine, we köpelmegine göniden-göni täsir edýär.
Iýmitde ähli zerur bolan ýokumly maddalar bolmalydyr, mysal üçin: beloklar, ýaglar, uglewodlar, witaminler we minerallar. Iýmit maddalarynyň gatnaşygy haýwanyň aýratyn görnüşlerine, ýaşyna we fiziologiki ýagdaýyna laýyk gelmegi saglyk ähmiýetine täsiri ulydyr. Iýmit täze, arassa we zyýanly hapalardan arassalanan bolmaly we toksinleriň, galyndylaryň we beýleki howply maddalaryň ýok edilmegi üçin iýmitiň hiline gözegçilik etmek zerurdyr.
Bellenen wagta laýyklykda haýwanlary yzygiderli iýmitlendirmeli
Iýmitlendirmegiň ýygylygy we göwrümi haýwanyň görnüşlerine, ýaşyna we fiziologiki ýagdaýyna baglydyr. Haýwanlarňyza arassa, süýji suwa elmydama elýeterli bolmaly. Sebäbi suw metabolizma we termoreýulýasiýada möhüm rol oýnaýar.
Iýmitlendiriş talaplary aýratyn haýwana baglylykda üýtgäp biler, şeýlelikde
haýwanyň ýaşyny, tohumyny, öndürijiligini we saglygyny göz öňünde tutmak zerurdyr.
Haýwanlary iýmitlendirmekde häzirki zaman tehnologiýalary:
Awtomatlaşdyrylan iýmitlendiriş ulgamlary iýmitiň takyk dozasyna we haýwanlaryň iýmitine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Ol uly maldarçylyk toplumlarynda ulanylýar. Sanly tehnologiýalar iýmit sarp edilişi we haýwanlaryň saglygy baradaky maglumatlary seljermäge mümkinçilik berýär şeýle hem, iýmitlendirmegi optimizirlemäge we iýmitlendirmegiň netijeliligini ýokarlandyrmaga kömek edýär.
Dogry iýmitlendirmek haýwanlaryň immunitetini güýçlendirýär, kesel töwekgelçiligini azaldýar we olaryň streslere garşylygyny ýokarlandyrýar. Deňagramly iýmit weterinariýa hyzmatlarynyň çykdajylaryny azaltmaga we maldarçylygyň girdejiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Netijeli iýmitlendirmek öndürilen önümleriň hiline, iýmitleniş bahasyna we tagamyna gönüden-göni täsir edýär.
Kadaly dogry iýmitlendirmek haýwanlary amatly ýaşaýyş şertleri bilen üpjün edýär we olaryň abadançylygyny ýokarlandyrýar. Haýwanlary iýmitlendirmek bilim we tejribe talap edýän çylşyrymly prosesdir. Döwrebap tehnologiýalar we ylmy ösüşler haýwanlaryň iýmitlerini optimizirlemäge we maldarçylyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Güljeren Çaryýewa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby