Kärhananyň önümçilik, satuw, girdeji we çykdajy döretmek, maliýe serişdelerini ulanmak bilen baglanyşykly ähli işleriniň seljermesini öz içine alýar.
Seljerme kärhananyň iş netijelerini giňişleýin öwrenmäge we maliýe ýagdaýyny doly bahalandyrmaga gönükdirilendir.
Häzirki döwürde sanly platformalar we maglumat analitikasy arkaly seljerme çalt we anyk amala aşyrylýar.
Seljermäniň maksady we wezipeleri
Maksady: Kärhananyň maliýe ýagdaýyny we geljekki ösüş mümkinçiliklerini bahalandyrmak.
Esasy wezipeler:
-Aktiwleriň we passiwleriň gurluşy hem-de üýtgeýşi;
-Likvidlik we tölege ukyplylyk derejesi;
-Maliýe durnuklylygy;
-Girdejililik we maýa netijeliligi;
-Işewürlik işjeňligi we serişdeleriň netijeliligi;
-Maliýe netijelerine täsir edýän esasy faktorlary anyklamak.
Seljermäniň görnüşleri
-Girdejililik seljermesi:
Kärhananyň maýa goýlan serişdelerinden alýan girdejisini görkezýär. Satuwdan alnan girdeji, aktiwlerden alnan girdeji we öz paýyndan alnan girdeji esasy görkezijilerdir.
-Işewürlik işjeňliginiň seljermesi:
Aktiwleriň ulanylyş netijeliligini we dolanyşygynyň depginini görkezýär. Debitor we kreditor bergileriniň ýagdaýyny seljermek kärhananyň iş prosesleriniň netijeliligini bahalandyrmaga kömek edýär.
Kärhana dolandyryşyndaky roly
Strategik meýilnamalaşdyrmada, maýa goýum taslamalarynyň bahalandyrylmagynda we maliýe çözgütlerini kabul etmekde ulanylýar.
Häzirki döwürde yzygiderli seljerme kärhananyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we maliýe durnuklylygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Amaniýazow Atageldi
Türkmen oba hojalyk institutynyň weterinar lukmançylygy fakultetiniň oba hojalygynyň dolandyrylyşy we guralyşy kafedrasynyň mugallymy




