Hytaýda howa menzilleri we şäherler arasynda uçarmansyz uçýan taksileri işe giriziler.
Hytaýyň EHang kompaniýasy bütindünýä boýunça uçarmansyz uçýan taksileriň täjirçilik taýdan ulanylmagy üçin kadalaşdyryjy resmi tassyknama alan ilkinji hususy kärhanadyr.
Indi, kompaniýa bu mümkinçilikden peýdalanmaklygyň usulyny tapdy: esasy howa menzilleri nden syýahatçylar üçin howa gatnawlaryny ýola goýar. Taslama 3 ýylyň içinde durmuşa geçiriler we syýahatyň bahasy bary-ýogy 30 dollar bolar.
EHang kompaniýasynyň maliýe direktorynyň sözlerine görä, uçarmansyz uçýan taksi ulaglary ýolagçy gatnawynyň saýlama (alternatiw) görnüşlerinden has gowy netije berip biler. Bahasy, takmynan 30 dollar bolar. Ýagny, döwrebap taksileriň bahasyndan gaty gymmat däl we gymmat transferlerden has arzan. Mundan başga-da, ýolagçylar EHang kompaniýasynyň uçarmansyz uçýan taksi ulaglarynda adaty taksi ulaglaryndaky ýaly ýol dyknyşyklaryna we swetofora päsgelçilikerine sezewar bolman, 15 kilometrlik ýoly 12 minutda geçip bilerler.

Söwda amallary üçin EHang kompaniýasy diňe iki sany ýolagça niýetlenen oturgyjy bolan we uçuş aralygy 35 kilometr bilen çäklendirilen ykjam EH216-S atly uçarmansyz uçýan taksi ulaglaryny ulanmagy meýilleşdirýär. Ýeri gelende aýtsak, ykjam EH216-S atly uçarmansyz uçýan taksi ulaglarynyň howa menzilleriniň Hytaýyň işewür etraplaryndan gaty uzakda ýerleşýän käbir şäherleri üçin amatly däldigi sebäpli, syýahatçylar topary üçin ulanylyp bilinmez.
Ozal Xpeng Motors golçur kärhanasynyň Hytaýdaky şahamçasy Aride tarapyndan dünýäde modully uçýan awtoulaglaryň ilkinji köpçülikleýin önümçiligine başlanandygy habar berilipdi. Üznüksiz ugry (Konweýer liniýasy) köp mahabatlandyrylan «gury ýer uçar gämisi» Land Carrier üçin ýörite döredildi we häzirki wagtda ol her 30 minutda bir model öndürmäge ukyplydyr. Bu bolsa mümkin bolan önümçilik kuwwatynyň ýarysydyr.
Nowruz Annaorazow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň weterinar lukmançylygy fakultetiniň oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy
taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.




