İlon Mask, X sosial toruny we onuň bilen baglanyşykly hyzmatlary bir milliarddan gowrak adamyň ulanýandygyny mälim etdi.
”Biziň bir milliard ulanyjy barada aýtmagymyzyň sebäbi, ortaça aýlyk ulanyjylarymyzyň sany 600 million töweregi bolsa-da, goşundyny ýükläp alanlaryň sany bir milliarddan ep-esli köpdür. Ulanyjylaryň köpüsi goşunda diňe dünýäde möhüm wakalar bolup geçende girýärler. Ýöne biz adamlara X-i ulanmak üçin has köp sebäp döredýäris. Goý ol Grok emeli aňy bolsun ýa-da X Money maliýe hyzmatlary bolsun. Biz bu platformanyň adamlaryň gündelik durmuşynyň bir bölegine öwrülmegini isleýäris. Platformany has peýdaly etdigimizçe, gündelik işjeň ulanyjylaryň sanynyň hem bir milliarddan geçjekdigine ynanýaryn”
— diýip, ol belledi.
Platformanyň topary esasy görkezijileriň ösüşi barada hem maglumat berdi:
- Täze ulanyjylaryň goşundyda sarp edýän wagty geçen ýyl bilen deňeşdirilende 43%, öňden bar bolan ulanyjylaryňky bolsa 20% artdy (rekord görkezijisi);
- Goşundynyň ýükleniş sany 60% ýokarlanyp, aýda 120 milliona ýetdi. (rekord görkezijisi);
- Abunalardan gelýän girdeji 1 milliard dollardan geçdi (rekord görkezijisi).
Ýanwar aýynda ulanyjylaryň işjeňligi iň ýokary derejä ýetdi we fewral aýynyň netijeleri boýunça bu görkezijiniň täzelenmegine garaşylýar.



