SpaceX we Tesla kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Mask baýlygy taryhda 700 millard dollardan geçen ilkinji adam boldy. Forbes neşiriniň hasaplamalary boýunça, telekeçiniň umumy baýlygy iň ýokary derejesinde 749 milliard dollara ýetdi.
Täze maliýe rekordy Delawer ştatynyň kazyýetiniň çözgüdi bilen baglanyşykly boldy. Kazyýetiň karary bilen Mask Teslanyň häzir 139 millard dollara deň bolan paýnamalaryny almak hukugyna eýe boldy. Ozal aşaky kazyýet bu hukugyň berilmegine garşy çykypdy. Kompaniýada işewüriň 12 göterimlik paýy 197 millard dollar diýlip hasaplanýar.
Bary-ýogy bäş gün ozal Mask taryhda ilkinji bolup 600 millard dollar görkezijisinden geçipdi. Rekord SpaceX kompaniýasy 2026-njy ýyla meýilleşdirilen ilkinji IPO-nyň öňüsyrasynda öz bahasyny 800 millard dollar bilen bahalandyrandan soň hasaba alyndy. Paýnamalaryň köpçülige hödürlenmegi taryhda iň ulusy bolup biler diýip, Bloomberg ýazýar. Maskyň aerokosmos korporasiýasynyň paýnamalarynyň 42%-ine eýeçilik edýändigini göz öňünde tutsaň, telekeçiniň kompaniýadaky paýy 336 millard dollar diýlip hasaplanýar.
Mask oktýabrda 500 millard dollar belliginden geçdi. Deňeşdirmek üçin, ozal 400 millard dollar görkezijä diňe Oracle kompaniýasynyň esaslandyryjysy Larri Ellison ýetipdi.
Bloomberg internet neşiriniň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Ilon Mask bilen milliarderleriň reýtinginde 265 millard dollar bilen ikinji orunda ýerleşýän Google kompaniýasynyň egindeş esaslandyryjysy Larri Peýjiň arasyndaky tapawut 373 millard dollara deň.




