GitHub platformasynda iOS we iPadOS operasion ulgamlarynyň könelen wersiýalaryna hüjüm etmek üçin niýetlenen DarkSword eksploýtynyň başlangyç kody tapyldy. Mundan ozal, bu gowşaklyk baradaky maglumaty iVerify, Lookout kompaniýalary we Google-yň kiberhowplary seljermek we yzarlamak bilen meşgullanýan bölümi (GTIG) aýan edipdiler.
9to5Mac neşiriniň habar bermegine görä, bu eksploýt Apple kompaniýasynyň eýýäm iOS 16.7.15, iOS 15.8.7, iPadOS 16.7.15 we iPadOS 15.8.7 howpsuzlyk täzelemelerinde düzeden WebKit komponentlerini hem öz içine alýan birnäçe gowşaklyklaryň zynjyryndan ybaratdyr. Bu düzedişler (patçlar) bolmasa, hakerler ulanyjylaryň gizlin maglumatlaryny ogurlap we hatda enjamlary doly gözegçilige alyp bilerler.
Apple öz goldaw sahypasynda hatda iň täze operasion ulgamlary tehniki taýdan goldamaýan gadjetlar üçin hem programma üpjünçiligini wagtynda täzelemegiň örän möhümdigine ünsi çekýän resminama çap etdi. Şeýle hem, resminamada netijeli goşmaça gorag çäresi hökmünde “Petikleme tertibi” agzalyp geçilýär.
iVerify kompaniýasynyň esaslandyryjylaryndan biri Mattias Frilingsdorf (Matthias Frielingsdorf) DarkSword içaly programmasynyň täze wersiýalarynyň hünärmenler tarapyndan ozal seljerilen nusgalar bilen birmeňzeş infrastrukturany ulanýandygyny bildirdi. Ol serwere ýüklenen faýllaryň HTML we JavaScript dillerindäki ýönekeý kodlardandygyny belledi. Ekspertiň aýtmagyna görä, islendik ulanyjy bu skripti göçürip alyp, birnäçe minudyň ýa-da sagadyň içinde ony öz serwerinde ýerleşdirip biler.
Frilingsdorf bu eksploýtlaryň işledilen badyna netije berjekdigini we jenaýatçylardan iOS arhitekturasy boýunça çuňňur tehniki bilim talap etmeýändigini, şol sebäpli ýakyn wagtda olaryň işjeň ulanylmagyna garaşylýandygyny hem aýratyn belläp. Apple wekilleri resmi düşündirişlerinde köne operasion ulgamly enjamlara edilýän hüjümlerden habarlydyklaryny tassykladylar we 11-nji martda gyssagly täzelemäniň çykarylandygyny ýatlatdylar. GitHub-yň eýesi bolan Microsoft kompaniýasy bolsa, bu material taýýarlanyp ýörkä žurnalistleriň sowallaryna entek jogap bermedi.



