Britaniýanyň meşhur awtoulag öndürijisi Land Rover kompaniýasy Türkmenistanyň awtoulag bazaryna resmi taýdan girmegiň mümkinçiliklerini seljerýär. Bu baradaky habar Londonda geçirilen «UK–Turkmenistan B2B Exchange» atly işewürlik maslahatynyň çäklerinde mälim edildi. Işewürlik duşuşyklarynyň dowamynda britan we türkmen taraplary durnukly ykdysady gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kesgitlediler.
Londondaky B2B duşuşyklary we täze başlangyçlar
Türkmen wekiliýeti Londonda diňe bir awtoulag senagaty däl, eýsem beýleki strategik pudaklaryň wekilleri bilen hem netijeli gepleşikleri geçirdi. Duşuşyklaryň çäklerinde dünýä belli «Primark» markasy dokma senagatynda, Beýik Britaniýanyň Oba hojalygy we Genetika baradaky tehnologiýalar guramasy (UKTAG) agrosenagat pudagynda özara peýdaly teklipleri öňe sürdüler. Şeýle hem, «Advantix Ltd» kompaniýasy syýahatçylyk, Kembrij uniwersiteti bolsa bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirdi.
Beýik Britaniýanyň gurluşyk sergisinde sanly tehnologiýalar
Iş saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti «ExCeL London» merkezinde geçirilýän «UK Construction Week London 2026» atly iri gurluşyk sergisine hem gatnaşdy. Bu sergi gurluşykda ulanylýan iň döwrebap sanly tehnologiýalary, emeli aň çözgütlerini we gün energiýasy ulgamlaryny öz içine alýar.
Sergä 600-den gowrak öňdebaryjy kompaniýanyň we 25 müňden gowrak hünärmeniň gatnaşmagy, Türkmenistanyň gurluşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak we halkara tejribesini ornaşdyrmak üçin täze gapylary açýar. Bu başlangyçlar ýurduň ykdysadyýetiniň sanlylaşdyrylmagynda we halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginde möhüm ädim hasaplanýar.


