Eger öý şertlerinde limon agajyny ösdürip ýetişdirmäge islegiňiz bar bolsa ilki bilen işi tohumlary ekişe taýýarlamakdan başlamaly. Limonyň gowy hasylyndan iň iri çigitlerini saýlap almaly, ýöne çigitlere zeper ýetmedikdigine göz ýetirmeli. Olary ekmek üçin saýlanyp alnan kiçiräk gutynyň ýa-da ýörite gül ekilýän küýzejikleriň birnäçe ýerinden kiçijik deşijekleri deşmeli. Gowy netije gazanmak üçin tohumlary ösdüriji stimulýator (ösümlikleriň ösüşini çaltlandyrmak üçin ulanylýan himiki serişde) bilen işläp taýýarlamaly. Şol erginde tohumlary bir gije-gündizden az bolmadyk wagtda saklamaly. Bu bolsa geljekde agajyň gowy ösmegine hem-de bir ýerden başga bir ýere geçireniňizde gowy uýgunlaşmagyna ýardam berer. Tohumlara suw bermegi ýatdan çykarmaň. Ösümligiň ösmegi üçin gapdal çybyklaryny biraz kesip aýyrmaly. Bäş we ondan köp ýaprajyklar çykyp ugrandan hem-de ösümlik 18-20 santimetr boý alanyndan soň, onuň ýokarky başyny gyrkmaly. Wagt geçdigisaýyn agajyň gapdal şahalary ösüp başlar, olaryň ujuny hem şonuň ýaly edip gyrkmaly. Her şahajygyň bäş ýaprajyklardan köp bolmaly däldigini ýatdan çykarmaň.
Limon bereketli hasyl
Öý şertlerinde limonyň ösdürilip ýetişdirilmegi otaga aýratyn bir öwüşgin çaýýar, Onuň gülüniň hoşboý ysy ynsanyň ruhuny galkyndyrýar. Limonyň gülüniň, onuň agajynyň we miwesiniň ösmegi üçin zerur şertler gerekdir. Tohumyndan ösdürilip ýetişdirilende oňa gerek bolan şertleriň biri gowy hilli toprakdyr. Organiki maddalara baý bolan topragy alyp, ony küýzä ýerleşdirmeli. Tohumyň kadaly ýagdaýda ösmegi üçin küýzäniň saýlanyp alynmagy hem möhümdir. Birinji basgançakda ulanyljak küýzäniň diametri takmynan 8-10 sm bolmaly. Tohumlar gögerip ýetişenden soň ol has uly küýzelere ýerleşdirilýär.Limon açyk sary deri, şireli ýumşak we ýakymly tagamly uly miwedir. Limonyň Maýer sorty türkmen daýhanlarynyň arasynda iň meşhurydyr. Aladasyz, islendik klimat şertlerinde ajaýyp hasyl berýär.
Limon tohumyny gögerenden (şineländen) soň, ony organiki maddalara baý bolan toprak bilen doldurylan gaba ýerleşdirmeli, ýöne ony çuň edip gömmeli däldir. Ilki başda tohumlar ýerleşdirilende metal gaplar has amatly bolýar we şeýle gaplardan zerur bolan demiri almak bilen toprak has-da baýlaşýar.
Esasan-da, limon nahallarynyň wagtynda çürtüm gyrkymyny geçirmeli, zyýanly mör-möjeklere garşy dermanlary, ýylaşan ders bermeli.
Ýurdumyzyň ýyladyşhanalarynda hem limon ýetişdirýän bagbanlaryň sany artýar.Aýratyn bir bellemeli zatlaryň biri bolsa, bahar paslynda limon agaçlarynyň güllän wagty ony balkonda ýa-da açyk ýerde goýmaly. Munuň sebäbi, bolsa ýazda limonyň güllemegi we güllerde tozanlanma hadysasynyň netijeli geçmegi hem-de gülüň miwä öwrülmegi üçin tozan zerur gerek bolup durýar. Şonuň üçin bu tozanlandyrma açyk meýdanda arylar tarapyndan üpjün ediler ýaly mümkinçilikleri döretmeli. Şeýle edilende olardan gowy hasyl alyp bolýar.
Omarow Mukam
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby