Bahalary üns bilen okamalydygyňyzy we aşaky tekjelerde arzan önümleri gözlemelidigiňizi hemmeler bilýär. Şeýle-de bolsa, gereksiz zatlary satyn alyp, soňundan ökünip, marketing hilelerine ýykylýarys.
Bu mowzuga başlamazdan ozal esasy soraga jogap bereliň: Marketing näme?
Marketing näme?

Marketing – önümi ýa-da hyzmaty dogry müşderi bazaryna ýetirmek we satyn alyş işine ugrukdyrmak üçin edilen ähli strategiki çäreleri öz içine alýar.
Marketing, diňe mahabat ýa-da satuwdan has giňişleýin prosesdir. Müşderiniň zerurlyklaryna düşünmekden başlaýar we önümiň ösüşini, bahalaryny, paýlaýyş kanalyny kesgitlemegi we mahabat tagallalaryny öz içine alýar. Maksady, baha bermek arkaly müşderiler bilen uzak möhletli we girdejili gatnaşyk gurmak. Marketing arkaly sarp edijiler zerur çözgütlere girýärler, kärhanalar bolsa maksatly diňleýjilerine düşünýärler, islegi kanagatlandyrýarlar we ösüşi we durnuklylygy üpjün edýärler.
Bu mowzugy dowam etdirmeli bolsa, marketingiň köp usuly we ýollary bar:
Şu aşakdaky hileleri bilmegimiz zerurdyr:
Ertir has gymmat bolar
Bu ýagdaý size mälim bolsa gerek. Onlaýn kurs üçin tölediňiz ýa-da elektron kitap satyn aldyňyz. Derrew arzanladyş talony bilen e-poçta alarsyňyz. Ýöne bary-ýogy 24 sagat işleýär we hasaplaýyş sagady hatda ekranyň burçunda hem görünýär. Indiki okuw üçin derrew tölemeli ýa-da ýarym bahadan ýene bäş kitap satyn almaly. Bularyň hemmesi zerur bolmasa-da, pul ýitirmek gorkusy döreýär. Şeýlelik bilen kartoçka belgiňizi girizýärsiňiz.
Oflayn dükanlar çäkli wagt satuw we möwsümleýin arzanladyş wagtynda şol bir usuly ulanýarlar. Görnüşi ýaly ykdysadyýet adamlary gereksiz zatlar satyn almaga we has köp pul sarp etmäge höweslendirýär. Wagtyň ýoklugy bolsa oýlanmaga we oýlanyşykly karar bermäge mümkinçilik bermeýär.
Emeli gytçylyk
Onlaýn dükanyň web sahypasyna girip, 27 adamyň önüm sahypasyny siziň bilen bir wagtda gözden geçirýändigini görýärsiňiz. Mundan başga-da, iň soňky nusgasynyň galanlygy gyzyl harplar bilen ýalpyldaýar. Derrew gyssaglylyk duýgusy ýüze çykýar – bu önümi häzirki wagtda arabanyňyza goşmasaňyz, ýeterlik bolmaz.
Markalar islendik zadyň çäkli neşirlerini çykaranda şuňa meňzeş usuly ulanýarlar. Şol bir wagtyň özünde önümler iş taýdan tapawutlanyp bilmez. Ýöne munuň ähmiýeti ýok, sebäbi ikisini hem satyn almak islegi bar.
Ikisini alana üçünjisi mugt
Ýönekeý matematika: iki banka mekgejöwen satyn alsaňyz, üçünjisini sowgat hökmünde alarsyňyz. Peýdaly teklip, şeýlemi? Elbetde! Şeýle-de bolsa, salat üçin ýarym banka ýeterlik bolsa-da, galanlary birnäçe ýyllap tekjede oturarlar.
Mundan başga-da, mahabatyň üsti bilen size goşmaça önümler satylar. Mysal üçin, az mukdarda goşmaça töleg üçin, bir topar şampun we duş jeli alarsyňyz. Dogry, duş jelini ulanyp bilmersiňiz. Emma arzanladylan baha, bu girdejili satyn almaga itergi berer.
Käwagt, uly we tygşytly diýlip hasaplanylýan önüm, bir gram önüm üçin adaty paketden has gymmat. Şeýle-de bolsa, alyjylaryň köpüsi, “30% mugt” ýazgysyna böküp, muny barlamaýarlar.
Türkmen oba hojalyk institutynyň weterinar lukmançylygy fakultetiniň Sanly dolandyryş taýýarlyk ugrunyň 4-nji ýyl talyby
Röwşenowa Maýsa


