Häzirki döwürde Internet ählitaraplaýyn tory banklaryň elektron tölegleriniň, täjirçilik elektiron bazasyndaky telekeçilik maglumatlarynyň esasy bolup, olar dolandyryşyň makro we mikro ykdysadyýet derejesinde ulanylýar. Şeýlelikde, Internetiň mümkinçiliklerini we işleýiş tertibini çuňňur öwrenmek marketing ulgamynda iň wajyp meseleleriñ biridir.
Ilatyň durmuş üpjünçiligi, kärhanalaryň işiniň üstünligi we ykdysadyýetiň durnuklylygy döwletimizdäki haryt dolanyşygynyň nyrhlary bilen bagly bolup durýar. Şonuň üçin hem ýurdumyz Garaşsyzlygyny alandan soň gurlan zawod-fabriklerde häzirki zaman dünyä derejesinde öndürilýän harytlarymyz dünýä bazarlarynda ýokary baha eýe bolýar. Ol harytlara diňe öz ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň ähli künjeklerinde uly isleg bildirilýär.
Şol harytlary dünýä derejesinde ýaýratmak üçin her bir haryt öndürýän zawoddyr fabriklerimizde özleriniň Web saýt salgysy bolsa, onda olar özleriniň harytlaryny dünýä derejesine has çalt ýaýradarlar. Edil şonuň ýaly-da özlerine gerek zerur çig mallary we haryt önümlerini almaklygy öwrenerler hem-de olaryň dükanlarynda özleriniň Internet Web saýt, E-mail salgylary bolsa, her bir müşderileriniň islegini kanagatlandyrmaga uly ýardam eder.
Bäş müň ýyllyk taryhy bolan türkmen halky geçmişde öz medeniýetini, sungatyny ösdürmek bilen, Ýüpek ýollar arkaly özüniň harytlaryny dünýä bazaryna ýaýradyp, köp halklar bilen alyş-çalyş edip gelipdirler. Nebit-gaz, pagta, däne baýlyklarymyzdan başga-da türkmeniň milli egin-eşikleri, bag-bakjalary we onuň topragynda önýän milli önümlerimizi, harytlarymyzy dünýä ýaýratmakda häzirki döwrüň innowasiýa tehnologiýalaryndan peýdalanmak, olary kompýuteriň kömegi bilen Internetde ýerleşdirip, dünýä derejesinde söwdany guramak her bir başarjaň döwlet, kärhana ýolbaşçysynyň öňde durýan maksady bolup durýar. Häzirki döwürde kompýuteriň kömegi bilen Internet ulgamlarynyň kanallary arkaly döwletimizde öndürilýän milli önümlerimizi, harytlarymyzy dünýä bazarlaryna çykarmak we ýaýratmak, şonuň ýaly-da gaýry döwletleriň öndürýän önümlerine, harytlaryna raýatlarymyzyň isleglerini kanagatlandyrmak iň bir wajyp meseläniň biri hökmünde häsiýetlendirilýär.
Internet ulgamynyň dünýäniň ösen ýurtlarynyň arasyndaky marketing işlerini ýola goýmakda uly mümkinçilikleri bardyr. Internetiň üsti bilen döwlet derejesinde marketing ulgamynyň işini ýola goýmaklygyň ýene-de bir aňsat usuly, ol hem dünýäniň döwletleriniň önüm öndürýän kärhanalarynyň Web saýt salgylary arkaly gözleg geçirmekligi ýa-da her bir döwletiň döwlet haryt-çig mal biržalarynda jemlenilýän harytlaryň içinden tiz wagtda gözleg geçirmeklik mümkinçiliklerini döredýär. Şonuň ýaly-da Internetiň üsti bilen döwletiň harytlaryny tiz wagtda ýerleşdirmek bilen, ol döwlet ýene-de öz harydynyň öndürilişini artdyrýar we ykdysady girdejisini baýlaşdyrýar. Häzirki zaman bazar gatnaşyklary döwründe marketing ulgamynyň bazarynda söwdanyň gymmatynyň tiz üýtgäp durýanlygy sebäpli, Internet ulgamy alyjynyň islegini kanagatlandyrmaga we satyjynyň harydyny tiz ýerlemegine giňden ýardam berýär. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde Internet ulgamynyň hyzmatlaryndan peýdalanmak üstünligiň girewi bolup durýar we dünýä bazaryna çykmagyň möhüm şerti hasaplanýar. Internet ulgamy ýurdumyzyň ykdysadyýetini has-da gülletjek gurallaryň birine öwrüldi.
Göwher URAÝEWA,
TGM-niň Alp Arslan adyndaky 2-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň informatika mugallymy