Nemes awtoulag öndüriji Mercedes-Benz kompaniýasynyň arassa girdejisi 2025-nji ýylyň ilkinji dokuz aýynda geçen ýylyň şol döwrüne garanyňda iki esse azaldy. Bu barada nemes neşiri Focus awtoulag öndürijä salgylanyp habar berdi.
Girdejiniň möçberi 50,3% azaldy, ýagny 7,80 milliard ýewrodan 3,87 milliard ýewro pese düşdi. Kompaniýa bu pese gaçyşyň sebäbi hökmünde gümrük tölegleriniň artmagyny, satuwlaryň azalmagyny hem-de netijeliligi ýokarlandyrmak üçin edilen çykdajylary görkezdi.
Üçünji çärýekde arassa girdeji geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 1,71 milliard ýewrodan 1,19 milliard ýewroa çenli, takmynan, 31% azaldy. Umumy girdeji hem 6,9% pese düşüp, 32,14 milliard ýewro boldy.
Hytaý we ABŞ bazarlaryndaky gowşak iş netijesinde Mercedes-Benz kompaniýasynyň satuwy ýene-de azaldy. 2025-nji ýylyň iýul–sentýabr aýlarynda kompaniýa dilerlerine 525 müň awtoulag we furgon satdy. Bu bolsa geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 12% az.
Üç çärýek boýunça umumy satuw möçberi 9% azaldy we takmynan, 1,6 million awtoulag ýerlenildi. 2024-nji ýylda hem satuwlar awtoulag senagatyndaky batymyň (krizisiň) netijesinde 4% azalyp, 2,4 milliondan az bolupdy.
Fewral aýynda Mercedes-Benz kompaniýasynyň ýolbaşçylary girdejileri ýokarlandyrmak üçin çykdajylary azaltmak maksatnamany yglan etdiler. Şol maksatnama laýyklykda, önümçilik çykdajylary we hemişelik harajatlar 2027-nji ýyla çenli 10% azaldylar. Mundan başga-da, material çykdajylaryny hem azaltmak meýilleşdirilýär.



