Microsoft kompaniýasynyň 2024-nji ýylda işläp taýýarlan, ýöne hiç haçan resmi taýdan yglan etmedik Copilot merkezli operasion ulgamy baradaky maglumatlar köpçülige aýan boldy. Maglumatlara görä, täzelikde ýaýran wideo ýazgylary kompaniýanyň dolulygyna web tehnologiýalaryna esaslanýan we emeli aňy esasy ugur edinýän täze platformanyň üstünde işländigini görkezýär.
Taslama hiç haçan ulanyjylara hödürlenmedi
Elýeterli bolan maglumatlara görä, kompaniýanyň içinde «Aion» kod ady bilen işlenip taýýarlanan taslama ýönekeýleşdirilen Windows binýadynyň esasynda gurlupdyr. Ulgamda Microsoft Edge esasy düzüm bölek hökmünde ulanylyp, Copilot ulanyjy tejribesiniň merkezine ýerleşdirilipdir. Taslamanyň iň üns çekiji aýratynlyklarynyň biri bolsa, onuň ýerli Win32 programmalaryny işletmegi goldamazlygydyr.

Munuň ýerine operasion ulgamy internet sahypalaryna we web goşundylaryna gönükdirilipdir. Zerur bolan ýagdaýynda bolsa, adaty iş stoly programmalaryny Windows 365 Cloud PC bulut hyzmatynyň üsti bilen işletmek göz öňünde tutulypdyr. Maglumatlara görä, täzelikde ýaýradylan wideoda Copilot-a meňzeş gözleg paneliniň faýllary tapmak, programmalary açmak hem-de internetde gözleg geçirmek ýaly amallar üçin ulanylýandygy görünýär.
Mundan başga-da, Başlat (Start) menýusyna meňzeş interfeýs hem-de meseleler panelindäki Spaces atly aýratynlyk arkaly programmalary we web sahypalaryny dürli iş giňişlikleri boýunça toparlara bölmek mümkinçiligi döredilipdir.
Windows Central neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, «Aion» diňe synag häsiýetli taslama hökmünde işlenip taýýarlanypdyr. Microsoft kompaniýasynyň ony geljekde täjirçilik maksatly önüme öwürmegi meýilleşdirendigi ýa-da meýilleşdirmändigi barada takyk maglumat ýok.
Şol bir wagtyň özünde, häzirki wagtda Copilot-yň Windows ulgamyna integrasiýasy babatda ulanyjylaryň has seresaply çemeleşýändigi bellenilýär. Şol sebäpli diňe web goşundylaryna we emeli aň mümkinçiliklerine esaslanýan operasion ulgamynyň häzirki bazarda nähili garşy alynjakdygy entek näbelliliginde galýar.



